Galla Başlangyjy Gaýtadan Dikeldilmeli

Galla Başlangyjy Gaýtadan Dikeldilmeli

Çelik düýn paýtagt Ankarada partiýanyň merkezinde Prezident we Ak partiýanyň Başlygy R.T.Erdoganyň ýolbaşçylyk etmeginde geçirilen Ak partiýanyň Merkezi ýerine ýetirijiler geňeşiniň maslahatyndan soň metbugat ýygnagyny geçirdi.

Ömer Çelik 2022-nji ýylyň fewralynda başlan we bütin dünýä ulgamyna ýaramaz täsir ýetiren Russiýa-Ukraina söweşi hakynda ähli ýurtlaryň meýilnamasynyň bardygyny, söweşiň dowam etmegi üçin käbir taýýarlyklaryň görülýändigini, emma diňe Prezident Erdoganyň we Türkiýäniň parahatçylyk ugrunda egilşiksiz pozisiýasyny dowam etdirýändigini aýtdy.

Prezident Erdoganyň Galla geçelgesi başlangyjynyň dowam etmegi üçin tagallasynyň dowam edýändigini aýdan Çelik: “BMG-niň çäginde, BMG-niň insiatiwasy bilen Russiýa we Ukraina bilen bilelikde iki ýurdy hem çetleşdirmän bu ylalaşygyň dowam etdirilmegini göz öňünde tutýarys.

Ukraina, Bolgariýanyň we Rumyniýanyň suw giňişliginiň üstünden täze bir ýol açmaga çalyşýar.Moskwa bolsa bar bolan ugur boýunça berilen sözleriň iş ýüzüne geçirilmegini isleýär. İki tarapyň hem stoluň başyna dolanyp geçmek üçin günbatardan garaşýan tamalary bar” diýdi.

Çelik ilkinji nobatda BMG-niň başlangyjy bilen iş ýüzüne geçen ylalaşygyň gaýtadan dikeldilmelidigini beýan etdi.

Azerbaýjana tabynlykdaky Garabagda geçirilen saýlaw diýilýän çäre hakynda-da durup geçen Ömer Çelik: “Garabagda ermeniler tarapyndan geçirilen saýlawyň haýsydyr bir kanuny tarapy ýok. Bu galp saýlaw we serhede ýarag üýşürip, dartgynlygy artdyrmak belki başgalary üçin bähbit getirip biler. Emma Ermenistanyň bähbidine bolmajakdygy äşgär” diýdi.

Çelik Ermenistanyň şeýle galp başlangyçlardan we sebitde dartgynlygy artdyrýan çemeleşmelerden çetde durmalydygyny beýan etdi we Türkiýäniň Garabag söweşinde bolşy ýaly doganlyk Azerbaýjany doly goldaýandygyny aýtdy.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Rus Parahatçylyk Güýçleri Garabagdan Çekilmäge Başlady
Azerbaýjanly 3 Müň 413 Adam Ermenistanyň Goýan Minalary Sebäpli Ýogaldy
Rus Harby Bazasynyň Ermenistana Haýsydyr Bir Goşandy Ýok
Milli Goranmak Minisri Güler, Ilham Aliýew Tarapyndan Kabul Edildi
Lawrow: Azerbaýjan-Ermenistan Düşnüşmezliginiň Esasy Bölegi Çözüldi
“Garabag Meselesi Dolulygyna Çözüldi”