“Garabag Meselesi Dolulygyna Çözüldi”

“Garabag Meselesi Dolulygyna Çözüldi”

Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Garabag meselesiniň dolulygyna çözülendigini aýtdy.

Aliýew, Ermenistanyň basyp alyşlygyň ortadan aýrylmagynyň 3-nji ýylynda Fuzuli şäherine bardy. Prezident Aliýew, ata ýurtlaryna dolanan raýatlar bilen duşuşdy.

Aliýew, duşuşykda eden çykyşynda, beýleki şäherler ýaly Fuzuli şäheriniň hem basyp alyşlyk döwründe ermeniler tarapyndan dolulygyna ýykylandygyny ýatladyp, basyp alyşlykdan soň Azerbaýjan döwletiniň şol ýerlerde täze şäher gurandygyny nygtady.

Aliýew, Fuli şäheriniň 800-den gowrak ýaşaýjynyň şäherlerine dolanandygyny nygtap, “Üstümizdäki ýylyň ahyryna çenli Fuzuli şäherinde 2 müň adam ýaşar. 2026-njy ýylyň ahyryna çenli 22 müň raýatymyz şäherlerine dolanar. Şol güne çenli Garabaga we Gündogar Zenzegura 140 müň adam ýerleşer” diýip belledi.

İlham Aliýew, watanlary üçin janlaryny gurban eden gahryman esgerleri asla ýatdan çykarmajakdyklaryny nygtady.

Fuzuli şäher merkezi bilen obalarynyň esasy bölegi 1993-nji ýylda Ermenistanyň harby goşuny tarapyndan basylyp alynypdy.

Şäherde basyp alyşlykdan soň Azerbaýjanly 144 müň adam ýaşaýardy.

Fuzuliniň Ermeni güýçlerine garşy göreşde 1990-njy ýyllarda 1100-den gowrak ýaşaýjysy şehit boldy.

Azerbaýjanyň harby goşuny 2020-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda Fuzuli şäherini basyp alyşlykdan halas edipdi.

Ýene degişli makalalar

Gazagystanyň Prezidenti Tokaýew, Azerbaýjanda Saparda Boldy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türki döwletlerde başdan geçirlen soňky wakalar
Aliýew Ermenistan Bilen Barlyşyga Iňňän Ýakyndyklaryny Aýtdy
Azerbaýjanda Prezident saýlawy geçirilýär
Azerbaýjan Hankendide ermeniler tarapyndan gurulan parlament binasyny ýumurýar
Azerbaýjan we Ermenistan Serhetleriň Kesgitlenmegi Hakyndaky Teswirnama Gol Çekdi