“Gara Deňiz Galla Geçelgesi Ylalaşygynyň Möhledi Uzadylyp Bilner”

“Gara Deňiz Galla Geçelgesi Ylalaşygynyň Möhledi Uzadylyp Bilner”

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, Gara deňiz galla geçelgesi ylalaşygynyň möhlediniň uzadylyp bilinjekdigini aýtdy.

Ministr Akar düýn Muglada geçirlen harby türgenleşikde eden çykyşynda, Russiýa-Ukraina söweşi sebäpli halkara derejesinde başdan geçirilýän azyk ýetmezçiliginiň ortadan aýrylmagy üçin, Türkiýäniň, Russiýanyň we Ukrainanyň goranmak ministrleriniň orunbasarlary bilen BMG-nyň ýolbaşçylarynyň arasynda maý aýynyň 10-11-i aralygynda Stambulda dörttaraplaýyn maslahatyň geçirlendigini belledi.

Akar, “Stambuldaky maslahat netijeli geçdi. Galla geçelgesi ylalaşygynyň möhlediniň uzadylmagy meselesinde ylalaşyk gazanylyp bilner. Biziň Ukrainanyň portlarynda söwda gämilerimiz bar. 6 gäminiň howpsuz ýagdaýda ýurdumyza gelmegi meselesinde ylalaşyk gazanylandygyny aýtdylar. Bu mesele boýunça gepleşiklerimizi dowam etdirýäris” diýdi.

Egeýde, Gündogar Ortaýer deňizinde we Kiprde başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda hem durup geçen Akar, Türkiýäniň Gresiýanyň başda durmagynda goňşularyna garşy hüjüm ediji tutumynyň bolmandygyny aýtdy.

Akar, Türkiýäniň halkara hukugyna we goňşuçylyk gatnaşyklaryna laýyklykda, başdan geçirilýän kynçylyklary gepleşik arkaly parahatçylykly ýagdaýda çözmek isleýändigini ýatlatdy.

Ýene degişli makalalar

Mugla welaýatynda 33 bosgun halas edildi
“Star Legend” Atly Kruiz Gämisi Bodruma Geldi
Mugla welaýatynda 79 bosgun halas edildi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Kanoe Ýaryşlary Muglada Başlady
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny