Garabaga we Gündogar Zengezura 140 Müňden Gowrak Adam Dolanyp Barar"

Garabaga we Gündogar Zengezura 140 Müňden Gowrak Adam Dolanyp Barar"

Aliýew Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde guralan Türki döwletleriň guramasynyň Döwlet Ýolbaşçylarynyň Geňeşiniň 10-njy Sammitinde çykyş etdi.

Sentýabr aýynda Garabaga guran antiterror operasiýasy bilen sebitde Azerbaýjanyň özygtyýarlylygynyň doly ýola goýulandygyny beýan eden Aliýew; “Antiterror operasiýasy bilen asuda ilata we jemgyýetçilik binalaryna zyýan ýetirilmedi. Azerbaýjan halkara hukugyny doly berjaý etdi. Sebite 2 gezek sapar eden BMG-niň wekiliýeti hem ony tassyklady” diýdi.

Aliýew halas edilen sebitlerde giň gerimli dikeldiş we abadanlaşdyryş işlerini alyp barýandyklaryny gürrüň berip; “Şol maksada laýyklykda Azerbaýjanyň býujetinden 7 milliard dollar sarp edildi. 2024-nji ýylda azyndan 2,4 milliard dollar sarp ediler. Ýerleriň hakyky eýeleri Laçyn we Fuzuli şäherlerine we 3 oba dolandylar. 2026-nji ýylyň ahyryna çenli Garabaga we Gündogar Zengezura 140 müňden gowrak adam dolanyp barar” diýdi.

Fuzulide mektep we medeniýet merkezini guran Özbegistanyň we Gazagystanyň liderlerine sagbolsun aýdan Aliýew çykyşyny; “Biz beýik türk dünýäsiniň bir bölegi. Dostlugymyzyň we doganlygymyzyň bagy boljakdygyna, Türki döwletleriň guramasynyň halkara güýjüniň hasam artjakdygyna doly ynanýaryn” diýip, tamamlady.

Ýene degişli makalalar

Aliýew Ermenistan Bilen Barlyşyga Iňňän Ýakyndyklaryny Aýtdy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Gazagystanyň Prezidenti Tokaýew, Azerbaýjanda Saparda Boldy
Türki döwletlerde başdan geçirlen soňky wakalar
Azerbaýjanda Prezident saýlawy geçirilýär
BMG-niň Wekiliýeti Garabaga Saparda Boldy