GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN-BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasy bilen Bagtyýarlyk etrap Halk Maslahatynyň, Bagtyýarlyk etrap häkimligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy, Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşi, Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň Bagtyýarlyk etrap komitetiniň bilelikde guramagynda 2026-njy ýyl Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany ýyly mynasybetli aýdym-sazly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe 2026-njy ýyl Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany ýyly diýilip atlandyrylmagy çuňňur many-mazmuna eýedigi, çünki bu ýyl şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň uly şowhuna beslenip toýlanjakdygy, şeýle-de ýelden ýüwrük ahalteke bedewleri Watanymyzyň döredijilik kuwwatynyň, ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly gadamlarynyň, halkymyzyň tutanýerli zähmetiniň nyşanyna öwrülendigi barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Bu ýyl ata Watanymyz, bagtyýar halkymyz üçin edilen arzuwlara, üstünliklere, ähli ugurlarda uly rowaçlyklara bedew bady bilen ýetilýän ýyl boljakdygy hakynda aýtdylar. Çäräniň ahyrynda halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin uly aladalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň 105 ýyllygy mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi
Berluskoni ýürek hassalygy sebäpli hassahana düşdi
Serdar Berdimuhamedow Täjigistana iki günlük döwlet saparyny tamamlady, Türkmenistan Owganystana ynsanperwer kömegini ugratdy, Türkmenportal ykjam programmasynyň täzelenen görnüşi çykdy we beýleki habarlar
Dolandyryjy partiýanyň ýeňşi
Türkiyede Prezident Saýlawy Geçirildi
Türkiyede Prezident saýlawy geçirilýär