Türkiyede Prezident Saýlawy Geçirildi

Türkiyede Prezident Saýlawy Geçirildi

Türkiyäniň syýasy taryhynda ilkinji gezek başdan geçirilen Prezident saýlawynyň 2-nji tapgyry üçin ses bermek işleri Türkiyäniň wagty bilen sagat 17:00-da tamamlandy, saýlaw sandyklary ýapyldy.

Türkiyäniň mundan soňky 5 ýylyň Prezidentiniň kesgitlenjek saýlawda, 14-nji maýda geçirilen Prezident saýlawynyň ilkinji tapgyrynda iň köp ses alan Halk ýaranlygynyň dalaşgäri Rejep Taýýip Erdogan bilen Millet ýaranlygynyň dalaşgäri Kemal Kylyçdarogly özara bäsleşdi.

Daşary ýurtda saýlaw sanawynda hasaba alynan takmynan 3,5 million saýlawçy üçin, dünýäniň 73 ýurdunda 151 wekilhanada 167 saýlaw merkezinde saýlaw sandyklary döredilipdi.

Daşary ýurt wekilhanalarynda ses bermek işleri 24-nji maýda tamamlanypdy.

Daşary ýurtlarda berilen sesler uçarlar we diplomatik kurýerler bilen Türkiyä getirilipdi.

Paýtagt Ankara şäherinde Daşary ýurt etrap saýlaw geňeşinde saklanýan sesler hem sanalmaga başlandy.

Erdogan we Kylyçdarogly ilkinji tapgyry 14-nji maýda geçirilen 3 dalaşgärli Prezident saýlawynda ilkinji 2-nji oruny eýeläpdiler, emma ýeňiş gazanmak üçin gerek bolan % 50 + 1 çägini geçip bilmändiler.

Beýleki tarapdan Prezident Rejep Taýýip Erdogan we aýaly Emine Erdogan saýlawyň 2-nji tapgyrynda seslerini Stambulda beripdiler.

Millet ýaranlygynyň prezident dalaşgäri we Respublikan Halk Partiýasynyň başlygy Kemal Kylyçdarogly we aýaly Selwi Kylyçdarogly bolsa Prezident saýlawynyň 2-nji tapgyry üçin seslerini paýtagt Ankarada beripdiler.

Ýokary Saýlaw Geňeşiniň başlygy Ahmet Ýener hem Prezident saýlawynyň 2-nji tapgyry üçin paýtagt Ankara şäherinde sesini bereninden soň eden çykyşynda, şu gün geçirilýän saýlawyň 14-nji maýda geçirilen 1-nji tapgyra görä has ir netijelenjekdigini pikir edýändiklerini habar beripdi.

Ýene degişli makalalar

Respublikan Halk partiýasynyň täze başlygy Özgür Özel boldy
Resmiler Respublika baýramy mynasybetli gutlag ýüzlenmelerini çap etdiler
Hytaý Taýwan bilen bagly beýannama berdi
Türkiýedäki saýlawlar türkmenistanlylar üçin täsirli boldy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Respublikanlardan prezident saýlawyna dalaşgär bolan Nikki Heýli deslapky saýlawlardan çekildi
Wekiller palatasynyň täze başlygy