Berluskoni ýürek hassalygy sebäpli hassahana düşdi

Berluskoni ýürek hassalygy sebäpli hassahana düşdi

Italiýanyň öňki hökümet başlygy Silwio Berluskoni gyssagly hassahana eltildi diýip, ýurduň La Stampa gazetine salgylanýan Interfax.ru ýazýar.

Gazetiň ýazmagyna görä, syýasatçy ýürek-damar ulgamynyň we dem alyş ýetmezçiligi sebäpli hassahana düşdi.

Häzir 86 ýaşly Berluskoni Milanyň San-Rafaele hassahanasynda bejergi alýar. Soňky ýyllarda öňki premýer-ministriň saglyk ýagdaýynyň ýaramazlaşandygy habarda bellenýär.

Berluskoni ýurduň Öňe, Italiýa! partiýasynyň başlygydyr. Partiýa Italiýada dolandyryjy sagçymerkezçi koalisiýanyň düzümine girýär.

Ýene degişli makalalar

Wekiller palatasynyň täze başlygy
Soçi Berdiýewiň baş tälimçilige bellenilendigini resmi ýagdaýda mälim etdi
Wýetnamyň Prezidenti wezipesinden çekildi
JHP-nyň Ozalky Başlygy Deniz Baýkal Aradan Çykdy
Serdar Berdimuhamedow Täjigistana iki günlük döwlet saparyny tamamlady, Türkmenistan Owganystana ynsanperwer kömegini ugratdy, Türkmenportal ykjam programmasynyň täzelenen görnüşi çykdy we beýleki habarlar
Dolandyryjy partiýanyň ýeňşi