Kazyýet Respublikan halk partiýasy CHP-niň geçiren gurultaýyny bes etdi

Kazyýet Respublikan halk partiýasy CHP-niň geçiren gurultaýyny bes etdi

Kazyýet Respublikan halk partiýasy CHP-niň 2023-nji ýylyň noýabr aýynda geçiren gurultaýyny bes etdi we Özgür Özel bilen partiýanyň ýolbaşçylarynyň wezipesinden boşadylmagyna karar berdi.

Ankaranyň sebitleýin kazyýeti Türkiýede oppozision partiýa hökmünde bilinýän Respublikan halk partiýasy CHP-niň 2023-nji ýylyň noýabr aýynda geçiren 38-nji gurultaýyny bes etdi we partiýanyň ozalky başlygy Kemal Kylyçdaroglynyň ýolbaşçylygyndaky dolanşygyň wagtlaýyn partiýanyň jogapkärçiligini öz üstüne almagy boýunça karar kabul etdi.

Ankaranyň sebitleýin kazyýetiniň 36-njy Hukuk bölümi, 2023-nji ýylyň noýabr aýynyň 4-5-i aralygynda geçirlen we Özgür Özeliň partiýanyň başlygy wezipesine saýlanan gurultaýynyň “doly hökümsizlik” sebäpli bes edilendigini mälim etdi.

Kazyýet şeýle hem Özür Özeliň, gurultaýda saýlanan Merkezi Ýerine ýetiriş geňeşiniň we Partiýanyň Mejlisiniň agzalarynyň karar doly tassyklanýança wagtlaýyn wezipesinden boşadylmagyna karar berdi.

Özür Özeliň ýerine Kylyçdaroglynyň ýolbaşçylygyndaky ozalky dolanşygyň karar tassyklanýança wagtlaýyn wezipelerini dowam etdirmegi boýunça karar kabul etdi.

Karar biragyzdan kabul edildi we Ýokary kazýete ýüz tutmak üçin iki hepde möhlet bar.

Ýene degişli makalalar

Wýetnamyň Prezidenti wezipesinden çekildi
JHP-nyň Ozalky Başlygy Deniz Baýkal Aradan Çykdy
Berluskoni ýürek hassalygy sebäpli hassahana düşdi
Serdar Berdimuhamedow Täjigistana iki günlük döwlet saparyny tamamlady, Türkmenistan Owganystana ynsanperwer kömegini ugratdy, Türkmenportal ykjam programmasynyň täzelenen görnüşi çykdy we beýleki habarlar
Dolandyryjy partiýanyň ýeňşi
Türkiyede Prezident Saýlawy Geçirildi