GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN-BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ýeňiş kitaphana şahamçasy bilen Bagtyýarlyk medeniýet öýüniň bilelikde guramagynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany ýyly mynasybetli wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler 2026-njy ýyl Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany ýylynyň ýurdumyz üçin ösüşli ýyllaryň biri boljakdygy hakynda belläp, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň berkdigini, hemişelik Bitaraplyk derejesiniň ykrar edilendigini, şeýle hem halkymyzyň beýik maksatlara bolan ynamyny we ösüş ýolundaky tutanýerliligini özünde jemleýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de ýurdumyzda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň netijeliligini, jemgyýetimiziň agzybirligini, parahatçylyk söýüjiligini hem-de geljege bolan ynamyny alamatlandyrýandygy barada gürrüň berdiler. Çäräniň ahyrynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizi ýyllardan-ýyllara bedew bady bilen öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Ýene degişli makalalar

GARAŞSYZ, BAKY BITARAP DIÝAR, BEDEW BATLY ÝURDUM ÖŇE BARÝAR
GARAŞSYZLYK BAKY BAGTYŇ AK ÝOLY
USSAT ÝAZYJY ŞAHYR GARA SEÝITLIÝEWIŇ ÖMRI DÖREDIJILIGI NESILLERE NUSGALYK
Çärýek finalda çekeleşikli duşuşyklar garaşýar
DOWAMAT-DOWAMDYR ÝOLLARYŇ BEDEW
HALKYŇ SAGLYGY ÝURDUŇ BAÝLYGY