GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTANBEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY ÝYLY MYNASYBETLI

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Gowşudow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmen döwlet maliýe institutynyň bilelikde guramagynda 2026-njy ýyl Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanbedew batly at-myradyň mekany ýyly mynasybetli wagyznesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler ösüş-özgerişleriň ýolundan bedew bady bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan Watanymyzda her bir ýyly täze şygar bilen atlandyrmak asylly däbe öwrülip, Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda has-da rowaçlanýandygynyň aýdyň subutnamasy bolup durýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de agzybir halkymyz täze taryhy döwrümiziň şöhratly sahypalaryny ýazjak ajaýyp ýyllaryň ýene birineGaraşsyz, baky Bitarap Türkmenistanbedew batly at-myradyň mekany ýyly diýilip atlandyrylmagy çuňňur many-mazmuna eýedigini, bu bolsa türkmen halkynyň baky bagtyýarlygy, ýeten arzyly sepgitleri, ýagty geljegi nazarlaýan mukaddes Garaşsyzlygymyz bilen aýrylmaz baglydygy barada beýan etdiler. Çäräniň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Ýene degişli makalalar

Çagalaryň hoş owazy durmuşymyzyň bagt sazy
Älem şaýat ýüwrük bedew badyna, Türkmenistan, eziz ýurdum Garaşsyz!
Çagalaryň şatlygy köňülleriň buýsanjy
Bagtyýar çagalygyň sapaly günleri
Körpeleriň ertekilere bolan söýgüsi
Kitaplar täsinlikler dünýäsi
Biz ertekileri okaýarys