Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Nury Baýramow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen “Bagt köşgi” toý-dabaralary merkeziniň bilelikde guramagynda Garaşsyz, Bitarap eziz Watanda, waspyň sena boldy dillere bedew ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde çykyş edenler türkmen halkynyň umumadamzat gymmatlyklarynyň biri hasaplanýan behişdi bedewlerimiziň ýyndamlygy, görkanalygy jahana ýaýylýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle hem, behişdi bedewleriň waspyny dünýä ýaýmakda, milli oýunlary, sungatyň ajaýyplyklaryny dabaralandyrmakda asylly maksatlara eýerilip, türkmen ýigitleriniň ahalteke bedewlerine erk etmegi, milli oýunlarda ezberligi bilen öňe saýlanmagy dünýä ýüzündäki şöhratyny ýene-de belent derejelere ýetirilýändigi barada beýan etdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda milli medeniýetimizi, behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny dünýäde belent derejelere ýetiren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
