Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagtyýarlyk etrabynyň kitaphana şahamçasynyň guramagynda 160-njy çagalar bagynda Bagtyýar çagalar - ýagty ertirleriň umydy ady bilen kitap sergisi gurnaldy we gürrüňdeşlik geçirildi.
Gürrüňdeşlikde halk döredijiliginiň bir görnüşi bolan ertekileriň ähmiýeti barada, ertekilerde haýwanlaryň keşpleriniň sadalygy, göwrüminiň gysgalygy we suratlar bilen bezelişi çagalar üçin has-da täsirli bolýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de çagalara ýaş aýratynlyklaryna görä ertekili kitaplary okap bermek, onda bolup geçýän wakalary sada dilde düşündirmek, çaganyň terbiýesinde örän ähmiýetli bolup durýandygy barada beýan etdiler. Çäräniň dowamynda Watanymyzyň geljegi bolan eýjejik çagalarymyz çagalar bagynda öz öwrenen aýdymlarynda, goşgularynda ajaýyp döwrümizi, Watanymyzy wasp etdiler.
Gürrüňdeşligiň ahyrynda ösüp gelýän körpe nesliň okap, ylymly-bilimli bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
