Bedew bady bilen öňe, öňe diňe öňe jan Watanym Türkmenistan

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Durdy Gylyç adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat Maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda Bedew bady bilen öňe, öňe diňe öňe jan Watanym Türkmenistan ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler türkmen halkynyň umumadamzat gymmatlyklarynyň biri hasaplanýan, ahalteke bedewleri owadanlykda, ýyndamlykda deňi taýy bolmadyk, özüniň görkanalygy bilen älem-jahana ýaýýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de bütin dünýäde uly meşhurlyga eýe bolan, toý-baýramlarymyzyň bezegine öwrülen bedewlerimiziň waspy giňden beýan edilýändigi, häzirki wagtda diýarymyzda milli atşynaslyk sungatyny ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň döredilýändigi barada çykyş etdiler. Çäräniň ahyrynda milli gymmatlyklarymyza uly sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

Ýene degişli makalalar

Bedew batly diýarym, aýdym-sazly mekanym
Ýurdumyzyň teatrlarynda Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan täze sahna oýunlary görkeziler
Bir belent ykbal sen illere bedew !
Bedew batly ösüşleriň mekany
TÜRKMENIŇ MIRASY DÜNÝÄNIŇ MERJENI
Bedew batly at-myradyň mekanydyr Watanym