Bir belent ykbal sen illere bedew !

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Türkmenistan diýarymyzda taryhy özgertmeleriň durmuşa geçirilýän zamanasynda, Watanymyz bedew bady bilen ynamly ösüşlere we özgerişlere barýar.

Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan giň gerimli işleri dowam etdirýän, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň edýän taýsyz tagallalarynyň netijesinde halkymyzyň medeni-ruhy gymmatlyklary, milli mirasy, taryhy ýadygärlikleri, däp-dessurlary, edim-gylymlary düýpli öwrenilýär we olaryň gadymy nusgalaryny ýüze çykarmak, hasaba almak hem-de geljekki nesillere ýetirmek babatynda möhüm wezipeler durmuşa geçirilýär.

Halkymyzyň baý milli gymmatlyklarynyň birnäçesi dünýä halklarynyň medeniýetini ösdürmekde uly goşandyny goşandyr.Türkmen halky özüniň ukyp başarnygy bilen atlaryň saýlama tohumlaryny ýetişdiripdirler.Ahalteke bedewi özüniň köpasyrlyk taryhy, gaýtalanmajak özboluşlylygy, ýyndamlygy we aýratyn gözelligi boýunça diňe bir Türkmenistanyň däl-de, eýsem, tutuş umumadamzat siwilizasiýasynyň gymmatly hazynasy bolup durýandyr.

Bedewleriň türkmen halkynyň durmuşyndaky we ykbalyndaky möhüm ähmiýeti barada türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň bedewlere bagyşlap, ýazan kitaplarynda atlaryň bu gadymy tohumynyň gelip çykyşynyň we kemala gelmeginiň taryhy barada giňişleýin gürrüň berilýär.

Atlaryň bu tohumy türkmen topragynda halk sergiçiliginiň esasynda müňýyllyklaryň dowamynda kemala getirilipdir.Türkmenistanda gözelligiň we ajaýyplygyň nusgasy hasaplanylýan ahalteke bedewleriniň dünýä derejesindäki at-abraýynyň has hem belende galdyrylmagy ugrunda ähmiýetli işler durmuşa geçirilýär.

Bedew atlary idetmek, köpeltmek üçin Milli Liderimiz ýörite atçylyk toplumlaryny döredip, ulanmaga berdi.Her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde türkmen bedewiniň baýramy döwlet derejesinde ýurdumyzyň ähli ýerlerinde uly ruhubelentlikde bellenilýär. Ýaňy ýakynda Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hem-de Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň bilelikde gurnamagynda “Bedew atyň badynda ýol uzasyn dowama” atly söhbetdeşlik brifing duşuşygy geçirildi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Deputatlarynyň, Lebap welaýat Maliýe-ykdysady hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlarynyň, muzeý hünärmenleriniň hem-de Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň işjeň agzalarynyň gatnaşmagynda geçirilen söhbetdeşlikde halkymyzyň döreden milli gymmatlyklaryny gorap saklamak we geljekki nesillere ýetirmek, watançylyk ruhunda terbiýelemek we ýurdumyzyň bedew batly ösüşlerini wagyz etmek ýaly täsirli söhbetlere giň gerim berildi.

Söhbetdeşlik çäresiniň ahyrynda halkymyzy ganatly bedewleriň ýyndamlygy kimin öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşly sözlerini beýan etdiler.Uzukjemal ÝAZJUMAÝEWA, Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň baş gazna saklaýjysy

Ýene degişli makalalar

Bedew bady bilen öňe, öňe diňe öňe jan Watanym Türkmenistan
Bedew batly diýarym, aýdym-sazly mekanym
Ýurdumyzyň teatrlarynda Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan täze sahna oýunlary görkeziler
Bedew batly ösüşleriň mekany
TÜRKMENIŇ MIRASY DÜNÝÄNIŇ MERJENI
Bedew batly at-myradyň mekanydyr Watanym