Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň ykdysady ösüşi we Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at myradyň mekany ýyly

Türkmen döwlet maliýe instituty we Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň “Hyzmat ediş” bölümi, “Türkmenistan” teleýaýlymy bilen bilelikde gurnamagynda Türkmenistanyň Döwlet kitaphanasynda “Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň ykdysady ösüşi we Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan- bedew batly at myradyň mekany ýyly” söhbetdeşlik geçirildi.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesi ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen ykdysady hyzmatdaşlygynda has- da ösdürmäge giň mümkinçilikleri döredýär.Halkara ulag geçelgeleriniň ösdürilmegi, täze senagat kärhanalarynyň işe girizilmegi, eksport mümkinçilikleri artdyrylmagy hem-de maýa goýumlaryň giňeldilmegi milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagyna uly goşant goşýar. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan- bedew batly at- myradyň mekany” ýylynda ýurdumyzyň gazanýan üstünlikleri täze mazmun bilen başlaýar.

Bu ýylda amala aşyrylýan giň gerimli işler Garaşsyzlygymyzyň, hemişelik Bitaraplygymyzyň hem- de milli gymmatlyklarymyzyň dabaralanýandygynyň aýdyň beýany bolup durýar.Pursatdan peýdalanyp, ýurdumyzda ykdysadyýetiň, medeniýetiň we kitaphana ulgamynyň ösüşi ugrunda döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli alyp barýan döwletli işlerinde uly üstünlikler arzuw edilidi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi
Toý dabaraň dünýä ýaňdyr Diýarym!
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýy mynasybetli kitaphanaçylaryň ýürek buýsanjy
Çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümi Dürdänede şatlyk-şowhunda dowam edýär
Teatryň halkara üstünligi