Gazagystan Bilen Saud Arabystanynyň Arasynda Wyza Boýunça Ylalaşyk Gazanyldy

Gazagystan Bilen Saud Arabystanynyň Arasynda Wyza Boýunça Ylalaşyk Gazanyldy

Gazagystanyň Daşary işler ministrliginden berilen beýannama görä Wise-premýer we Daşary işler ministri Murat Nurtleu Saud Arabystanynyň paýtagty Riýadda resmi saparda boldy.

Nurtleu Saud Arabystanynyň Maýa goýum ministri Halid bin Abdulaziz al-Falihiň egindeş ýolbaşçylygynda geçirilen Gazak-Saudi Hökümetara hyzmatdaşlyk toparynyň 6-njy maslahatyna gatnaşdy.

Ministr Nurtleu iki ýurduň döwlet we hususy eýeçiliginiň arasyndaky hyzmatdaşlygynyň ösdürilmeginiň strategik ahmiýetini belläp geçdi.

Saud Arabystany bilen söwda ykdysady gatnaşyklary ösdürmek, hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça bar bolan potensiala ünsi çeken Nurtleu, iki tarapyň hem ýaşyl energiýa, azyk howpsuzlygy, ulaglar, logistika, magdançylyk, nebit-himiýa, oba hojalyğy, maliýe we syýahatçylyk ýaly pudaklardaky hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerine eýedigini beýan etdi.

Maslahatyň çäginde taraplaryň arasynda diplomatik we gulluk pasportlarynyň eýeleriniň wyza düzgüninden boşadylmagy hakynda hökümetara ylalaşyga gol çekişildi. Şeýle hem Gazagystanyň Galkynyş banky bilen Saud Arabystanynyň Eksport we import bankynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky ähtnama gol çekildi.

Ýene degişli makalalar

Prezident Erdogan Indoneziýaly Kärdeşi Bilen Duşuşdy
Saud Arabystany: "Sanksiýalar sebäpli energiýa üpjünçiliginiň kesilmek howpy bar" diýdi
Ukrainanyň Prezidenti Zelenskiý Saud Arabystanyna Bardy
5-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Türkmenistan bilen Palestina döwletiniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi
Eýrandan Saud Arabystanyna 7 Ýyl Soň Ýokary Derejeli Sapar Guralýar