Gazagystan-Türkmenistan döwlet serhediniň tertibi baradaky resminama kanunlaşdyrylýar

Gazagystan-Türkmenistan döwlet serhediniň tertibi baradaky resminama kanunlaşdyrylýar

Gazagystanyň Senatynyň Daşary gatnaşyklar, goranmak we howpsuzlyk boýunça komitetiniň wekilleri giňeldilen ýygnakda Gazagystan Respublikasynyň Hökümeti bilen Türkmenistanyň Hökümetiniň arasynda Gazagystan-Türkmenistan döwlet serhediniň tertibi baradaky şertnamany tassyklamak barada Kanuny ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada DKNews.kz habar berýär.

Ylalaşygyň maksady, Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky döwlet serhedinde hukuk esaslaryny we gatnaşyklary kadalaşdyrmakdan ybaratdyr. Habarda bellenilişi ýaly, döwlet serhediniň tertibi döwlet serhedini saklamak, adamlaryň, ulaglaryň, ýükleriň we beýleki emläkleriň serhetden geçmegi, uçuşlaryň amala aşyrylmagy, döwlet serhedinde, serhet gözegçilik-geçiriş nokatlarynda ykdysady we beýleki çäreleri geçirmek, şeýle hem serhet hadysalaryny çözmek ýaly meseleleri öz içine alýar.

Komitetiň agzalary tarapyndan geçirilen ara alyp maslahatlaşmagyň netijelerine esaslanyp, degişli Kanuny palatanyň mejlisinde garamak üçin ibermek kararyna gelindi.

Ýene degişli makalalar

Türki Döwletleriň Gün Tertbindaki Wakalar
Türkmenistanda Russiýanyň kinosynyň we animasiýasynyň hepdeligi geçiriler, Türkmenistan HHR-e tebigy gazyň eksportyny artdyrdy, türkmen telekeçileri Türkiýedäki halkara sergä gatnaşarlar we beýleki habarlar
Özbegistanda nobatdan daşary Prezident saýlawlary geçiriler
Ermeni Meselesi
Gazagystanyň Senaty gazak-türkmen serhedi baradaky resminamany tassyklady
Dünýä Liderleri Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdiler