Geçen hepde başdan geçirilen möhüm wakalar

Geçen hepde başdan geçirilen möhüm wakalar

12-13-nji ýanwaryň aralygynda Türki döwletleriň guramasynyň baş sekretary Gubanyçbek Ömüraliýew Wengriýa sapar gurady.Baş sekretar Ömüraliýew Budapeştde Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban tarapyndan kabul edildi. Ömüraliýew we Orban ulaglar we energetika, oba hojalygy we tebigy serişdeleryň dolanşygy ýaly ileri tutulýan ugrlarda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi boýunça pikir alyşdylar.

Baş sekretar Ömüraliýew Wengriýa saparynyň çäginde Wengriýanyň Daşary işler we daşary söwda ministri Peter Siýýarto, guramanyň Wengriýadaky ýaşulysy Atilla Tilki bilen hem özara duşuşyklar geçirdi. Ömüraliýew Türki döwletleriň guramasynyň Budapeştdäki ofisine hem baryp gördi.

11-nji ýanwarda Türkmensitanyň Halk Maslahatynyň we Türkmenistanyň Milli Mejlisiniň halk deputarlarynyň bilelikdäki maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň Halk maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow maslahatda mejlisi birleşdirmegi teklip etdi. 2023-nji ýylyň 26-njy martynda Türkmenistanda parlamentiň we ýerli häkimiýetleriň saýlawlary geçiriler.

14-nji ýanwarda Gazagystanda Senat üçin saýlawlar geçirildi.Gazagystanda senatorlary ýerli mejlisiň agzalary saýlaýarlar.Gazagystanyň Senatyna saýlanan 20 senator alty ýyl möhlet bilen işlärler.Gazagystanyň syýasy ulgamyndaky özgerlişikler we täzeleniş tapgyry dowam edýär.

Gazagystanda soňky bir ýylda tapgyrlaýyn häsýetde Nazabaýewler maşgalasynyň eldegirilmesizligi aýryldy we maşgala agzalarynyň güýji iň aşak çäge düşürildi.Gyrgystanda bolsa ozalky Prezident Askar Akaýewe garşy gozgalan kazyýet işi bes edildi.

Ukrainada ýaşaýan gazak diasporasy Kiýew we Buça şäherlerinde garaöý açyp, zerurlyk çekýän raýatlara kömek bermäge başladylar. “Ýeňiş çadyry” atlandyrylan milli gazak gara öýünde adamlaryň esasy islegleri kanagatlandyrylýar. Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň görkezen reaksiýasyndan soň Gazagystanyň Daşary işler ministrligi bu başlangyçda adaty bolmadyk zadyň ýokdugyny beýan etdi.

11-nji ýanwarda Başgyrdystan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti Murtaza Rahymow aradan çykdy. Başgyrdystany 20 ýyl dolandyran Rahymow, 1990-njy ýyllaryn başynda ýrudunuň garaşsyzlygy ugrunda tagalla edipdi. Rahymowy jaýlama çaresine Wladimir Putin hem gatnaşdy.

Üstümizdäki aýyn 9-10-y aralygynda Aziýa Parlament Assambleýasynyň 13-nji maslahaty Antalýada geçirildi. “Özgerýän Halkara dinamikada köptaraplylygyň ugrukdyrylmagy” temasy bilen geçirilen maslahata 27 ýurtdan parlamentariler gatnaşdylar.Maslahata Ýewraziýadan Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Gafarowa we Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Gülşat Mämmedowa gatnaşdy.

Maslahatyň ahyrynda Antalýa jarnamasy kabul edildi.Aziýa Parlament Assambleýasynyň maslahatynyň çäginde Türkiýäniň, Eýranyň we Azerbaýjanyň Mejlisiniň Başlyklary üçtaraplaýyn duşuşyk geçirdiler.

Görşüňiz ýaly Gzagystanda we Türkmenistanda syýasy ulgamyň özgerlişigi dowam edýär. Türki döwletlerde özara saparlaryň we hyzmatdaşlygyň ösüş depgini gowşamaýar.

Ýene degişli makalalar

Dzýudo boýunça Türkmenistanyň ýygyndysynyň Katarda geçiriljek dünýä çempionatyna gatnaşjak düzümi belli boldy
18-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Türkmenistanly dzýudoçylar Türkiýe Uly tuwulgasyna gatnaşar
Raşid Rahymow Rubiniň baş tälimçisi boldy
Dzýudo boýunça dünýä çempionatyna Türkmenistandan 8 türgen gatnaşar
Türkmen dzýudoçylary Awstriýanyň Gran-prisine gatnaşarlar