Geçen hepde: Türme habarlary, adam ölçegleri maslahaty we häkimiýetleriň 'ahlak sapaklary'

Geçen hepde: Türme habarlary, adam ölçegleri maslahaty we häkimiýetleriň 'ahlak sapaklary'

Geçen hepde Türkmenistanyň awtoritar hökümetiniň ýol berýän hukuk depelemelerini’, korrupsiýa hadysalaryny we eden-etdiliklerini’ açyp görkezýän wakalara baý boldy.

Hepdäniň başynda Azatlyk Radiosynyň habarçylary häkimiýetler tarapyndan günäsi geçilen ýöne, hakykat ýüzünde welin, para bilen öz erkinliklerini satyn alyp, türmeden boşandyklaryny aýdýan birnäçe öňki tussagyň hossarlary bilen geçiren söhbetdeşlikleri barada habar berdi.

Hepdäniň ortasynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Demokratik institutlar we adam hukuklary boýunça edarasynyň adam ölçegleri boýunça ýygnagyna gatnaşmak üçin Warşawa gelen türkmen wekiliýetiniň agzalary bilen Ýewropadaky türkmen jemgyýetçilik guramalarynyň arasynda dartgynly ýagdaýlar ýüze çykdy.

Hepde ortadan aganda Azatlyk Radiosynyň habarçylary häkimiýetleriň orta mekdeplerde geçirýän “ahlak wagyzlary” barada habar berdiler

Mundan başga-da, öz ilatynyň Internet elýeterliligini berk çäklendirmek tagallalary bilen at gazanan’ türkmen hökümeti, görnüşinden, kiberhowpsuzlyk bahanasy’ bilen bir daşary ýurt tehnologiýa kompaniýasyndan ýörite enjamlary satyn alýar.

Dünýä Türkmenleriniň bu sany geçen hepdäniň käbir möhüm wakalaryna gaýtadan ser aýalaýar.

Ýene degişli makalalar

Aktiwistler Warşawada protest geçirip, türkmen häkimiýetlerinden hasabat soramakçy bolýar
Aktiwistler harasadyň dördünji ýyl dönüminde protest çäresini geçirip, ýüzlenme bilen çykyş etdiler
Diňle: Aktiwistler harasadyň dördünji ýyl dönüminde protest çäresini geçirip, ýüzlenme bilen çykyş etdiler
Wagtyndan öň 1/8 finala çykmakda “Real Madrid” öz rekordyny täzeledi
ABŞ-niň ÝHHG-i ilçisi Türkmenistandaky prezidentlik saýlawlaryny tankytlady, guramanyň baş sekretary Serdar Berdimuhamedowdan duşuşyk soraýar
Begmedowa: Biz demokratik üýtgeşmelere ymtylýan ýaş nesillerimize goldaw bermeli