Wagtyndan öň 1/8 finala çykmakda “Real Madrid” öz rekordyny täzeledi

UEFA Çempionlar Ligasynda toparçalardaky 4-nji duşuşyklaryň 1-nji tapgyry oýnaldy. Geçirilen 8 duşuşykda 14 gol geçirilip, bu görkeziji soňky ýyllaryň iň pes netijesi boldy.

“Milan” “Çelsiden” ýene-de ýeňildi

“E” toparçada “Çelsi” myhmançylykda “Milany” Joržinionyň (21 p) hem-de Obameýangyň (34) gollary bilen 2-0 ýeňip, 19 ýyldan soň Italiýadan ýeňiş bilen dolandy. Duşuşykda 17-nji minutda “Milanyň” merkezi goragçysy Fikaýo Tomori gyzyl kart aldy. Toparçadaky beýleki duşuşykda deňlik hasaba alnyp, “Dinamo Zagreb” bilen “RB Salsburg” utuklary paýlaşdylar (Lýubiçiç 40 Seiwald 12).

“Real Madrid” 27-nji gezek 2-nji tapgyra çykdy

“F” toparçada häzirki çempion “Real Madrid” myhmançylykda “Şahtýor Donesk” bilen 1-1 deňme-deň oýnady.Warşawada oýnalan duşuşykda doneskliler 46-njy minutda Zubkowyň goly bilen öňe saýlandy. “Real” bu gola 90+5-nji minutda Rüdigeriň goly bilen jogap berdi.

Kroosyň pasynda topy kelle urgusy bilen derwezä gönükdiren Rüdiger agyr şikes aldy.Bu deňlikden soň utugyny 10-a çykaran “Real Madrid” wagtyndan öň 1/8 finala adyny ýazdyrdy. “Real Madrid” 12-nji gezek 4-nji oýunlardan soň 1/8 finala çykmagy başardy.

Bu görkeziji rekorda deňdir. Şeýle-de, topar umumylykda 27-nji gezek toparçalardan çykyp, bu ugurda öz rekordyny ösdürmegi başardy. “Barselona” bilen “Bawariýa” 10 gezek 4-nji oýunlardan çykyp, 2-nji ýeri eýeleýärler.

Topar 31-nji gezek geçirilýän Çempionlar Ligasyna 4 möwsüm gatnaşmady. Ýagny gatnaşan ähli möwsüminde toparçadan çykmagy başardy.Toparçadaky beýleki oýunda “Leipsig” myhmançylykda “Seltigi” Werner we Forsbergiň gollary bilen 2-0 ýeňdi.

Bu ýeňlişden soň “Seltigiň” ýaryşy dowam etdirmek mümkinçiligi galmady.

Ýene degişli makalalar

FUTBOL BAÝRAMÇYLYGY DOWAM EDÝÄR
UEFA ýylyň topary
Roýs, Draksler ýok, Müller, Hummels täzeden dolandy, Germaniýanyň düzümi belli boldy
Ikinji tapgyrda 5 ýurduň wekili çykyş eder
Ramosyň 100-nji goly, “Bawariýanyň” yzly-yzyna 14-nji ýeňşi
Bu gün APL başlanýar. Çempion kim bolar?!