ABŞ-niň ÝHHG-i ilçisi Türkmenistandaky prezidentlik saýlawlaryny tankytlady, guramanyň baş sekretary Serdar Berdimuhamedowdan duşuşyk soraýar

ABŞ-niň ÝHHG-i ilçisi Türkmenistandaky prezidentlik saýlawlaryny tankytlady, guramanyň baş sekretary Serdar Berdimuhamedowdan  duşuşyk soraýar

27-nji sentiýabrda adam ölçegleri boýunça Warşawada geçýän halkara ýygnakda ABŞ-niň guramadaky hemişelik wekili Maýkl Karpenter martda Türkmenistanda geçen prezidentlik saýlawlaryny tankytlady we onuň sözlerine görä, ol “häkimiýeti dinastiýa boýunça geçirmeklige getirdi”.

“Hatda, martdaky saýlawlara çenli saýlaw kodeksine üýtgeşmeler girizilsede, Demokratiýa we Adam hukuklary boýunça gurluşyň owalky tekliplerine şol sanda, häkimiýeti paýlaşmak, esasy ynsan hukuklary, KHS-ler, dalaşgärleri we saýlawçylary hasaba almak, saýlaw güni ses berlişikleri geçirmek düzgünleri babatda üns berilmedi. Şonuň üçinde, saýlawlar erkin we adalatly geçirilmedi” diýip Karpenter aýdýar.

Belläp geçsek, amerikaly diplomat diňe Türkmenistan babatda gürrüň etmän, beýleki ýurtlardaky meseleler şol sanda, BŞ-ky hem aýtdy.

Onuň çykyşynyň iňlisçesi şu çelgiden elýeterli.

Şol bir wagtda,ÝHHG-niň baş sekretary Helga Mariýa Şmit hyzmatdaşlygy maslahatlaşmak üçin prezident Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşmaga taýýar.

Bu barada Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni bilen bagly gutlagda aýdylýar.

Geçen ýylyň martynda Türkmenistanyň DIM-i Raşit Meredow Helga Şmit bilen online duşuşygyny geçiripdi.

Bellesek, häzir Warşawada ÝHHG-niň adam ölçegleri boýunça ýygnagy geçýär.Polşadaky ýygnaga gatnaşmak üçin Türkmenistanyň resmi topary hem Warşawa bardy.Adatdakylar ýaly, olar maslahatda hasabat okamak bilen çäklenip, aktiwistler we ynsan hukuklaryny goraýjylar bilen duşuşmakdan boýun gaçyrdylar.The post ABŞ-niň ÝHHG-i ilçisi Türkmenistandaky prezidentlik saýlawlaryny tankytlady, guramanyň baş sekretary Serdar Berdimuhamedowdan duşuşyk soraýar first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

ABŞ-nyň ÝHHG-daky hemişelik wekili Türkmenistanda häkimiýetiň dinastiýa arkaly geçirilmegini tankytlady
Iň köp aýdymy diňlenen zenan aýdymçy boldy
Diňle: Aktiwistler harasadyň dördünji ýyl dönüminde protest çäresini geçirip, ýüzlenme bilen çykyş etdiler
ÝHWHG-nyň Ministrler Geňeşiniň Maslahaty Polşada Geçirilýär
Wagtyndan öň 1/8 finala çykmakda “Real Madrid” öz rekordyny täzeledi
Geçen hepde: Türme habarlary, adam ölçegleri maslahaty we häkimiýetleriň 'ahlak sapaklary'