Germaniýada, Çehiýada we Niderlandlarda ýagyş guýýar

Germaniýada, Çehiýada we Niderlandlarda ýagyş guýýar

Güýçli çabgalar netijesinde Germaniýada birnäçe derýanyň suwy kenardan agyp, ilatly ýerleriň köpüsini göçürmeli boldy. Bu barada Euronews.com habar berdi.

Ýurduň Týuringii we Aşaky Saksoniýa sebitlerinde ýaşaýjylar çabga guýýandygy üçin Roždestwoda öýlerini terk etmeli boldular.

Adaty bolmadyk ýagynlar netijesinde elektrik geçirijileri we lagym ulgamlary bozuldy.

Goňşy Çehiýada hem çakdanaşa çygly howa, käbir etraplarda ýokary işjeňlik düzgüni saklanýar. Ýerli häkimiýetleriň baha bermegine görä, bu ýagynlardyr buzuň eremegi bilen bagly. Pragada paromlaryň işi saklandy.

Niderlandlarda-da suwuň derejesiniň ýokarlanmagyny gözegçilikde saklaýarlar. Ýagyşdyr çabganyň üznüksiz ýagmagy sebäpli, kenaryndan agjak bolýan derýalaryň ýakalaryndaky etraplara aýratyn gözegçilik dowam edýär.

Ýene degişli makalalar

Serdar Berdimuhamedowa Patriarh Kirillden gutlag haty geldi
Yşyk baýramyna badalga berildi
Seulda yşyk baýramy geçirildi
Fuat Oktaý "Ganly Roždestwo" hadysalarynda şehit bolanlary hatyralap geçdi
Roždestwo otlusy Kolumbiýanyň paýtagtyna bardy
80 müň çüýşeden guralan Täze ýyl arçasy