Germaniýadan 5 klub gatnaşar

“Aýntraht” topary geljek möwsümde UEFA Çempionlar Ligasyna gatnaşar.Olar UEFA Çempionlar Ligasy ady bilen geçirilip başlany bäri bu bäsleşikde ilkinji gezek çykyş ederler. “Aýntraht” topary UEFA-nyň klub derejesindäki 1-nji bäsleşigine mundan ozal, diňe 1959/60 möwsüminde gatnaşypdy. Şol möwsümde ýarym finalda “Reýnjersi” 6-1 we 6-3 hasaplar bilen ýeňip, finala çykypdy. Ýaryşyň taryhyndaky iň köp gol geçirilen finalda-da “Real Madridden” Di Stefanonyň 3, Puşkaşyň 4 gol geçirmeginde 7-3 asgyn gelipdi.

Şeýle-de, UEFA Çempionlar Ligasynyň 2022/23 möwsüminde Germaniýadan 5 klub ýaryşa goşular.Mundan ozal diňe Ispaniýadan (2015/16, 2021/22) hem-de Angliýadan (2017/18) 5 klub bir möwsümde çykyş edipdi. Çempion “Bawariýa”, wise-çempion “Borussiýa Dortmund”, şeýle-de 3-4-nji orunlardaky “Baýer” bilen “Leipsigiň” hataryna Ýewropa Ligasynyň çempionlygyndan soň “Aýntraht” hem goşuldy. “Aýntraht” çempionaty 11-nji orunda tamamlapdy. 5 klub hem gönümel toparçalardan ýaryşa başlar. “Bawariýa” bilen Ýewropa Ligasynyň ýeňijisi “Aýntraht” bije çekilişe 1-nji torbadan gatnaşar.

Ýene degişli makalalar

Messi, Mbappe, Benzema FIFA-da ýylyň futbolçysy kim bolar, dalaşgärler mälim edildi
47-nji UEFA Super Kubogy duşuşygy: “Real Madrid” “Aýntraht”
Finalda “Sewilýa” bilen “Roma” duşuşar
Ýewropa ligasynyň final duşuşygyna Türkmenistanda haýsy ýaýlym arkaly tomaşa edip bolar?
Liwerpul Reýnjersi 7:1 edip utdy, Salah 6 minutda het-trik etdi
UEFA Çempionlar Ligasynda 3-nji duşuşyklar: “Inter” “Barselona”, “Çelsi” “Milan”