Germaniýanyň Prezidenti türk işgärleriň Germaniýany baýlaşdyrandygyny beýan etdi

Germaniýanyň Prezidenti türk işgärleriň Germaniýany baýlaşdyrandygyny beýan etdi

Germaniýanyň Prezidenti Frank Walter Ştaýnmaýer Germaniýa bilen Türkiýäniň arasynda baglaşylan Zähmet ylalaşygynyň 60 ýyllygy mynasybetli geçirilen çärede çykyş etdi.

Germaniýada Türk jemgyýetleri tarapyndan geçirilen çärä aýaly bilen bilelikde gatnaşan Frank Walter Ştaýnmaýer, türk işgärleriň Germaniýany baýlaşdyrandygyny belläp: "Zähmetsöýerlikleri, hyjuwlary we adamkärçilikleri bilen ýurdumyzy şu günki güne ýetirdi. Şol sebäpli olara çuňňur minnetdardyryn" diýip nygtady.

Frank Walter Ştaýnmaýer, myhman işgärleriň hekaýalarynyň mekdep kitaplarynda okadylmagynyň gerekdigini belläp: "Olaryň hekaýalaryny ýurdumyzyň taryhynyň aýrylmaz bir bölegi hökmünde düşündiren mahalymyz ählimiziň taryhyna göz ýetirip bileris" diýip habar berdi.

Türk jemgyýetine Germaniýadaky jemgyýeti bilelikde şekillendirmek barada çagyryş beren Frank Walter Ştaýnmaýer: "Siziň üçin aýrylan ýeri alyň, edil ortadaky ýeri we ony dolduryň. Bu jemgyýetiň şekillenmegine gatnaşyň, sebäbi bu siziň jemgyýetiňiz" diýip beýan etdi.

Çäräniň ahyrynda çykyş eden sungat işgärleri türkleriň Germaniýa giden mahaly ýygy-ýygydan diňlän aýdymlary ýerine ýetirdiler.

Şol aýdymlaryň biri hem Müslim Gürses tarapyndan düzülen "Söýgi doly kerwenler" atly aýdymdy.

Frank Walter Ştaýnmaýer hem şol aýdymy üns bilen diňledi.

Ýene degişli makalalar

Prezident Erdogan Germaniýaly Kärdeşi Ştaýnmaýer Bilen Duşuşyk Geçirdi
Meşhur eser ýene bir gezek ekranlaşdyrylar
Prezident Erdogan ertir germaniýaly kärdeşi bilen duşuşyk geçirer
Aşgabatlylara maýyllyk getiren "Bahar ylhamy"
Werstappen Belgiýanyň Gran-prisinde ýeňiji boldy
Internetde Pinokkionyň ikinji treýleri çykdy