Görogly etrabyndaky galla önümleri kärhanasynda 109,3 göterim ösüş gazanyldy

Görogly etrabyndaky galla önümleri kärhanasynda 109,3 göterim ösüş gazanyldy

Türkmengallaönümleri döwlet birleşiginiň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabyndaky galla önümleri kärhanasy 2024-nji ýylyň birinji çärýegini ýokary netijeler bilen jemledi. Kärhana boýunça geçen 3 aýda dürli görnüşli unuň 9 müň 402 tonnasy öndürilip, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 109,3 göterim ösüş gazanyldy.

Türkmenistan gazetinde berilýän habara görä, bu ýerde üç aýyň dowamynda öndürilen çörek we çörek önümleriniň möçberi 156 tonna barabar bolup, önümçiligiň bu ugry boýunça 106,12 göterim ösüş depgini üpjün edildi. Kärhanada degişli döwrüň içinde jemi 18 million 958 müň manatlyk önüm öndürildi.

Gije-gündiziň dowamynda 200 tonna bugdaýy gaýtadan işlemek, ondan 150 tonna ak un öndürmek, şeýle-de ýanaşyk gurlan elewatorda 50 müň tonna dänäni saklamak kuwwatyna eýe bolan kärhanada işçi-hünärmenleriň 400-den gowragy zähmet çekýär.

Kärhanada ilat arasynda uly isleglerden peýdalanýan unuň ýokary hem 1-nji görnüşiniň öndürilişini has-da artdyrmak göz öňünde tutulýar diýlip, habarda bellenilýär.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda jemgyýetçilik awtobuslarynyň gatnawy ýaramazlaşdy
Daşoguz welaýatyndaky biokärhanalar tarapyndan ekinleri goramak üçin degişli çäreler geçirilýär
Asuda akym HJ oba hojalyk tehnikalarynyň ygtybarly işlemegi üçin niýetlenen ýaglary hödürleýär
Türkmenistanda ýakyn wagtda glisirrizin turşusyny öndürýän kärhana işe giriziler
Türkmenistanda polat turbalary we profilleri öndürýän täze kärhana işe girizildi
Rowachlan Galkynysh polipropilen gaplaýyş önümleriniň eksportyny artdyrýar