Görülmedik guraklyk Italiýany çöle öwürýär

Görülmedik guraklyk Italiýany çöle öwürýär

Italiýanyň sebitleriniň bäşisinde görülmedik guraklyk sebäpli adatdan daşary ýagdaý düzgüni girizildi. Paýtagt Lasio oblastynda tebigy heläkçilik düzgüni hereket edýär diýip, MIR24 habar berýär.

Suw ýetmezçiliginden Emiliýa-Romanýa, Friuli-Wenesiýa-Juliýa, Lombardiýa, Pýemont we Weneto ejir çekýär. Soňky hepdelerde ýurtda taryhy howa rekordlary hasaba alyndy. Rimiň eteklerinde we şäheriň özünde her gije-gündizde tas 100-e golaý ýangyn hasaba alynýar. Italiýanyň paýtagtynyň baş derýasynyň suwy gurady.

Tibrede hiç wagtam beýle ýagdaý bolmandy. Men muny kyrk ýyllyk tejribämden çen tutup aýdýaryn. Setanda-seýranda sil gelerdi, emma derýa şeýle gurar diýip welin, kellämize-de gelmeýärdi diýip, gaýykçy Julio Bendandi haýran galyp gürrüň berýär.

Weronda eýýämden içimlik suwy ulanmakda çäklendirme hereket edýär. Milanda suw çüwdürimleri ýapyldy. Guraklyga garşy göreşmek üçin hökümet 36 million ýewrodan gowrak serişde bölüp berdi. Ýagyn ýagmansoň, Po derýasynda we Apenninleriň demirgazygyndaky baş suw howdanlarynda soňky 70 ýylda iň pes derejede suw bar. Şaly meýdanlary gurady.

Alp daglarynda bu ýylky möwsümde howanyň derejesi çakdanaşa ýokary, bu Marmolad buzlugynyň döwülmesine getirdi, netijede 7 adam pida boldy, sekiz adam şikes aldy. Tassyk bolan maglumatlara görä, 13 jahankeşde dereksiz ýitdi.

Ýene degişli makalalar

Dünýäniň meşhur otluly syýahatlary
Messi, Mbappe, Benzema FIFA-da ýylyň futbolçysy kim bolar, dalaşgärler mälim edildi
Ýylyň garaşylýan filmleri
Dünýäniň iň owadan ýüzli 100 zenany
Maradona. Messi. Mundial
Messi DÇ-2022-niň iň gowy oýunçysy boldy