Gözel Diýarymyň şöhraty-şany, giň geljege barýan nurana bedew

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň bilelikde guramagynda Gözel Diýarymyň şöhraty-şany, giň geljege barýan nurana bedew ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler ähli ugurlarda bedew bady bilen okgunly öňe barýan, halkara abraý-mertebesi belende göterilýän Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde ýurdumyzyň bagtyýar raýatlarynyň abadançylygynyň, watançylyk ruhunyň, şöhratly taryhymyzda gazanylan milli gymmatlyklarymyza bolan çäksiz buýsanjynyň mynasyp beýanyna öwrülýändigi, Diýarymyzyň şan-şöhraty günsaýyn artyp, belent derejelere göterilýändigi barada gürrüň berdiler. Çäräniň dowamynda gurnalan göçme kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eserleri hem-de ýurdumyzyň ýazyjy-şahyrlarynyň eserleri ýerleşdirildi.

Bu bolsa çärä gatnaşanlarda kitap okamaklyga bolan söýgüni has-da artdyrdy. Çäräniň ahyrynda Türkmeniň uçar ganaty bolan behişdi bedewlerimiziň sarpasyny belende göterýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

Ýene degişli makalalar

GARAŞSYZ, BAKY BITARAP DIÝAR, BEDEW BATLY ÝURDUM ÖŇE BARÝAR
HALKYŇ SAGLYGY ÝURDUŇ BAÝLYGY
TÜRKMEN HALK MATALLARY KITABY ESASYNDA
Ýurdumyzyň ösüş ýolunyň täze tapgyrlary
Toýnak sesiň toý-dabara, at-myradyň mekanynda
DOWAMAT-DOWAMDYR ÝOLLARYŇ BEDEW