Golden Boy 2023-iň ýeňijisi mälim edildi

Italýanlaryň meşhur sport neşiri Tuttosport tarapyndan berilýän abraýly baýraklaryň biri bolan Golden Boy baýragynyň bu ýylky ýeňijisi mälim edildi.Tomusda 103 million ýewro baha Borussiýa Dortmunddan Real Madride transfer bolan angliýaly Jud Bellingam Golden Boy 2023-iň ýeňijisi boldy. 20 ýaşyndaky ýyldyz oýunçy özi ýaly Jama Musiala, Hawi Simmons, Florian Wirts, Rasmus Heýlund, Ýohan Bakaýoko, Worren Zair-Emeri ýaly ýaş oýunçylaryň arasyndan saýlandy.

Ses beren žurnalistleriň 95 göterimine golaýynyň sesini alan Bellingama baýrak 4-nji dekabrda geçiriljek dabarada berler.

2003-nji ýyldan bäri gowşurylyp gelinýän Golden Boy baýragy 21 ýaşdan kiçi hem-de Ýewropanyň öňdebaryjy çempionatlarynda oýnaýan futbolçylara berilýär. Bu baýragy şu wagta çenli Wan der Waart, Runi, Messi, Fabregas, Aguero, Isko, Pogba, Feliks, Holann, Pedri, Gawi ýaly oýunçylar alypdy.

Ýene degişli makalalar

“Golden Boy” baýragynyň bu ýylky ýeňijisi mälim edildi
Ýyldyz futbolçylar bir-birden klublaryny terk edýärler
FUTBOL BAÝRAMÇYLYGY DOWAM EDÝÄR
Halkara standart hyzmatlary HK ISO 9001:2015 standarty boýunça okuwlara çagyrýar
Aşgabat Türkmenabat awtobanynyň Tejen Mary bölegi açyldy