Goşa raýatlygyna eýe bolan türkmenistanlylar ýurtdan çykmakda kynçylyga duçar bolýarlar

Goşa raýatlygyna eýe bolan türkmenistanlylar ýurtdan çykmakda kynçylyga duçar bolýarlar

Türkmenistanda daşary ýurt pasportuny edinmek ýa-da wagtynda almak hemmä elýeterli däl. Azatlygyň habarçylary dokumentleriň taýýarlanýan wagtynyň yza süýşürilmegini we resmileriň pasport bermekden ýüz öwrülmegini esasy meseleler hökmünde görkezýärler. Şeýle problema, hususan-da, goşa raýatlygyna eýe Türkmenistanyň raýatlary duçar bolýar.

Azatlygyň habarçysynyň gürrrüň beren wakalarynyň birinde aşgabatly zenan pasportynyň taýynlygy barada migrasiýa gullugyndan wagtynda SMS gelmänsoň, migrasiýa gullugyna özi barypdyr we pasportynyň taýýar däldigini anyklapdyr.

"Aradan bir aý, ýagny özleriniň daşary ýurt pasporty üçin resminamalary kabul eden wagtynda yglan eden möhleti geçip gitdi. Baranda oňa resminamalaryň entek taýyn däldigini, ýöne onuň kompýuterde bardygyny, Russiýanyň raýaty bolany üçin iki aý garaşmalydygyny aýtdylar"- diýip, habarçymyz gürrüň berdi. Onuň sözlerine görä, Migrasiýa gullugy resminamalary kabul edende pasporty taýýarlamak üçin yglan edýän möhleti 1 aýdan ybarat.

Habarçy bu zenanda, türkmen raýatlygy bilen birlikde Russiýanyň hem raýatlygynyň bardygyny, bu sebäpden oňa 2006-njy ýyldan bäri daşary ýurt pasportynyň berilmändigini habar berdi. Azatlyk Radiosy, zenanyň howpsuzlygy nukdaý nazaryndan onuň adyny agzamakdan saklanýar.

Ýaňy ýakynda iki raýatlygy bolan türkmen raýatlary üçin 20 ýyla golaý wagtdan soň, Türkmenistanyň daşary ýurt pasportlaryny almak mümkinçiligi döredi. Iýun aýynda Migrasiýa gullugy 2003-nji ýyldan 2015-nji ýyla çenli Russiýanyň raýatlygyny alan Türkmenistanyň raýatlaryndan daşary ýurt pasportlaryny taýýarlamak üçin dokumentleri kabul edip başlady.

Bu aralykda, daşary ýurt pasportlaryny almagyň özi goşa raýatlygy bolan türkmen raýatlarynyň ýurtdan çykmagy meselesini çözmeýär.Azatlyk Radiosynyň habarçysy türkmen raýatlygyndan ýüz öwürmek bilen ýurtdan hemişelik gidýän bir maşgala barada habar berýär.

Olaryň elinde ähli zerur dokumentleriň bolmagyna garamazdan, Russiýa barýan uçardan düşürilýär.Habarçynyň sözlerine görä, maşgalanyň ýurtdan çykarylmazlygyna, olaryň türkmen raýatlygyndan ýüz öwürendigi baradaky maglumatlaryň kompýutere girizilmändigi sebäp bolupdyr.

"Bu ýeke bir ýagdaý däl. Maşgala agzalarynyň käbiriniň kompýutere girizilmedik halatlary ýa-da dokumentleriň " ýitirilen" ýagdaýlar köp. Bilet satyn almak kyn, üstüne para berip bilet satyn alan adamlaryň ýagdaýyny göz öňüne getiriň" diýip, habarçy gürrüň berýär.

Goşa raýatlyga eýe bolan türkmen raýatlary üçin onlarça ýyllap ýurtdan çykmak üçin seýrek mümkinçilikleriň biri Russiýa Federasiýasyna göçüp gitmek statusyny almakdy. Emma munuň üçin zerur dokumentleri almak işi hem köplenç uzaga çekýär.

"Türkmenistanyň Hronikasy" neşiri Russiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasyna salgylanyp, wagtlaýyn ýaşamak üçin tabşyrylan resminamalaryň taýýarlanmagynyň yza çekilmeginiň sebäpleriniň türkmen döwlet edaralarynyň haýal işlemegi bilen baglanyşyklydygyny habar berýär.

"Raýatlar wagtlaýyn ýaşamak hukugy üçin ýüz tutanda, konsullyk bölümi ilki bilen türkmen tarapyndan raýatyň sud edilip, edilmändigi barada maglumat soraýar, soňra arza berijini rugsat almak üçin dokument tabşyrmaga çagyrýar. Konsullyk bölümine ýüz tutanlar barada fewral-maý aýlarynda ugradylan maglumatlar türkmen tarapyndan gijikdirme bilen, hemmesi bir watda iýun aýynyň ortalarynda gelipdir" diýip, "Türkmenistanyň hronikasy" ýazýar.

Türkmenistanyň raýatlaryna daşary ýurt pasportyny edinmek mümkinçiligi ýurduň daşyna çykmaga mümkinçilik berýär.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Gazagystana gidýän türkmenleriň köpelmegi bilen, howpsuzlyk gulluklarynyň syýahatçylara basyşlary artýar
Türkmen talyby: VISA kartlaryny ýapdylar; çörek almaga-da pulumyz ýok
Bananyň dünýä nyrhlary gymmatlar diýlip garaşylýar
Öýken üçin peýdaly azyklar….