GOÝÇÝSM 2005-nji ýylda doglan ýetginjekleriň arasynda Aşgabat şäheriniň futbol birinjiliginde çempion boldy

GOÝÇÝSM 2005-nji ýylda doglan ýetginjekleriň arasynda Aşgabat şäheriniň futbol birinjiliginde çempion boldy

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň futbol boýunça geljekki olimpiýaçylaryň ýöriteleşdirilen çagalar-ýetginjekler sport mekdebiniň 2006-njy ýylda doglan ýetginjeklerden ybarat topary Aşgabat şäheriniň futbol birinjiliginde ýeňiji boldy. Ýaryş şu mekdep tarapyndan guraldy.

18 ― 27-nji dekabr aralygynda geçirilen ýaryşyň ähli duşuşyklary Aşgabat stadionynda geçirildi.

Netijede, H.Öwezowyň şägirtleri bäş duşuşygyň dördüsinde ýeňiş gazanyp, 12 utuk bilen paýtagtymyzyň çempiony boldular.

Ikinji orny 10 utuk toplap, şu mekdebiň 2005-nji ýylda doglan ýetginjeklerden ybarat düzümi eýeledi.

Hormat münberiniň üçünji basgançagyna bolsa W.Krillowyň tälim berýän Altyn täç futbol topary çykdy. Topar ýaryşy 9 utuk bilen tamamlady.

Bir aýlaw görnüşinde geçirilen ýaryşda Köpetdag 7, Olimp 3, Aşgabat 2 utuk toplap bildi.

Denis Titow, Ýakup Baýramgeldiýew, Pena Nazarow dagylar ýaryşyň iň gowy oýunçylary saýlanyldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan Türkiýede we Siriýada adam pidalaryna we weýrançylyklara getiren ýertitreme zerarly gynanç bildirdi we beýleki habarlar
Türkmenistanyň futbol boýunça ýetginjekler ýygyndysy Aziýanyň kubogy - 2023-e gatnaşmak mümkinçiligini ýitirdi
Aziýanyň kubogy ― 2023: Türkmenistanyň ýetginjekler ýygyndysy Siriýa bilen deňme-deň oýnady
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Ukraina tussaghanalardaky tussaglylary söweşdirmegi meýilleşdirýär
Lukman Täze ýyl baýramynda nämäni ýatlamalydygyny maslahat berdi
Ukrainanyň Prezidenti ýurtda elektrik toklaryň kesilmegi bilen bagly beýannama berdi