Ukraina tussaghanalardaky tussaglylary söweşdirmegi meýilleşdirýär

Ukraina tussaghanalardaky tussaglylary söweşdirmegi meýilleşdirýär

Ukrainanyň Adalat ministri Denis Malýuska ady agzalan meýilnama bilen baglanşykly: "Öňümizdäki hepde kanun taslamasy bellige alynar diýip pikir edýärin. Radanyň ilkinji maslahatynda 1-nji we 2-nji bölümlerinde sese goular. Iň giýç ýaz paslynda, hatda ýaz pasly tamamlanmadan durmuşa geçirilmäge başlanar" diýip habar berdi.

Denis Malýuska müňlerçe tussaglynyň goşunda gulluk etmäge taýardygyny, emma mobilizasiýanyň harby tertip-düzgüni bozan ýa-da döwlete garşy jenaýat eden tussaglylary öz içine almajakdygyny mälim etdi.

Denis Malýuska: "Soňky sözi parlament aýdar. Biz parlamante goranmak gullugynyň resmileri bilen karara geljek kanun taslamasyny, harby gulluga taýar bolan adamlaryň statistikasyny hödürläris. Parlamentdäki geňeşmeleriň uzak wagt dowam etjekdigini pikir etmeýärin, sebäbi häzirki wagta çenli işjeň ýagdaýda garşy bolan ýeke täk syýasatçy, deputat ýa-da Ýaragly güýçleriniň ýolbaşçysyna gabat gelmedim" diýip habar berdi.

Ukraina uruşyna tussaglylaryň gatnaşmagy täze bir ýagdaý däl. 2022-nji ýylyň tomus paslyndan bäri Russiýa tussaglylary işjeň ýagdaýda ýarag astyna alýardy.

Ýene degişli makalalar

Ukraina: "Söweş ýurduň infrastrukturasyna 700 milliard dollar ululygynda zyýan ýetirdi" diýdi
Lukman Täze ýyl baýramynda nämäni ýatlamalydygyny maslahat berdi
Ukrainanyň Prezidenti ýurtda elektrik toklaryň kesilmegi bilen bagly beýannama berdi
Beýik Britaniýa Russiýanyň käbir raýatlaryny sanksiýa sanawyna goşdy
Ilkinji kosmos syýahatçysy Aýyň hem ilkinji syýahatçysy bolar
Türkmenistanyň futbol boýunça ýetginjekler ýygyndysy Aziýanyň kubogy - 2023-e gatnaşmak mümkinçiligini ýitirdi