Gülşat Mämmedowa we Wýaçeslaw Wolodin Türkmenistan bilen Russsiýanyň arasyndaky parlamentara gatnaşyklar barada pikir alyşdylar

Gülşat Mämmedowa we Wýaçeslaw Wolodin Türkmenistan bilen Russsiýanyň arasyndaky parlamentara gatnaşyklar barada pikir alyşdylar

Şu gün resmi sapar bilen ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy Wýaçeslaw Wolodiniň Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy Gülşat Mämmedowa bilen duşuşygy boldy. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Döwlet Dumasynyň resmi saýtynda habar berildi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy Gülşat Mämmedowa rus deputatlarynda Türkmenistanda geçiriljek parlament saýlawlaryna synçy hökmünde gatnaşmaga çagyrdy. Wolodin Döwlet Dumasynyň öz wekillerini iberjekdigini tassyklady.

Iki ýurduň parlament wekiliýetleriniň arasyndaky duşuşykda parlamentara gatnaşyklar maslahatlaşyldy. Wolodin iki ýurduň arasyndaky parlamentara hyzmatdaşlygynyň täze görnüşler bilen baýlaşdyryljakdygyny belledi.

Bu hyzmatdaşlykda täze görnüşler işlenilip düzülip, iki ýurduň öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek üçin örän netijeli çözgütleriň kabul edilmegi meýilleşdirilýär.

Iki ýurduň parlamentleriniň komitetleriniň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň zerurdygy bellenildi.

Siziň saparyňyz parlament gatnaşyklaryna özboluşly häsiýet berdi. Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasy hormatly Prezidentler Serdar Berdimuhamedowyň we Wladimir Putiniň tagallalary bilen strategik hyzmatdaşlardyr diýip, Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy aýtdy.

Duşuşygyň çäklerinde Wýaçeslaw Wolodin Gülşat Mämmedowany Moskwa sapar bilen barmaga çagyrdy.

Mälim bolşy ýaly, şu gün Russiýa Federasiýasynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy Wýaçeslaw Wolodiniň Türkmenistanyň Prezidenti bilen duşuşygy boldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygyny kabul etdi
Dünýä Liderleri Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdiler
Russiýa Hazar bäşligi ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň duşuşygyny geçirmegi meýilleşdirýär
Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabatda Russiýanyň Döwlet Dumasynyň Başlygy bilen duşuşdy
Rus Dumasynyň başlygy türkmen Mejlisinde çykyş etdi, özara gatnaşyklary taryplady
Russiýanyň Döwlet Dumasynyň wekiliýeti resmi sapar bilen Aşgabada geldi
Serdar Berdimuhamedow Döwlet Dumasynyň Başlygy Wolodini kabul etdi, Russiýa Türkmenistanda geçiriljek parlament saýlawlaryna synçylary iberer, Turkish Airlines Türkmenbaşy Stambul Türkmenbaşy uçuşlary üçin petekleriň bahasyny arzanlatdy