Günorta Koreýa bilen KHDR 2032-nji ýylda Olimpiýa oýunlaryny bilelikde geçirmek isleýär

Günorta Koreýa bilen KHDR 2032-nji ýylda Olimpiýa oýunlaryny bilelikde geçirmek isleýär

Günorta Koreýanyň hökümeti Halkara Olimpiýa Komitetine (HOK) KHDR bilen bilelikde 2032-nji ýylyň tomusky Olimpiadasyny geçirmek barada ýazmaça arza iberdi. Bu barada Yonhap agentligine salgylanyp, TASS habar berýär.

Öň Seul bilen Phenýan 2032-nji ýyldaky Olimpiýa oýunlaryny bilelikde geçirmek niýetlerini HOK-a resmi taýdan habar bermek barada ylalaşdylar. Fewral aýynda HOK-nyň ýerine ýetiriji komiteti Awstraliýanyň Brisben şäherini 2032-nji ýylyň Oýunlaryny geçirmek üçin esasy dalaşgär hökmünde tassyklady. Bu mesele boýunça gutarnykly karar 2021-nji ýa-da 2022-nji ýylda HOK-nyň sessiýasynda kabul ediler.

Hökümet HOK-ny beýleki dalaşgärler bilen gepleşikleri dowam etdirmäge çagyrdy, sebäbi Brisben 2032-nji ýylyň Olimpiýa oýunlarynyň geçiriljek ýeri hökmünde heniz tassyklanmady. Geljek tomusky Olimpiýa oýunlary 23-nji iýuldan 8-nji awgust aralygynda Tokioda geçer. 2024-nji ýylyň tomusky Oýunlary Parižde, 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriler.

Ýene degişli makalalar

Sportuň taryhynda bu hepde
Sportuň taryhynda şu gün 17-nji iýul
Ýaponiýa we HOK 2021-nji ýylda Tokioda Olimpiadany geçirmäge taýýar
HOK-nyň ýolbaşçysy: sport adamlaryň janyny halas edip biler
HOK 2024-nji ýylda Pariždäki Olimpiýa oýunlarynyň gender deňligine esaslanýan maksatnamasyny tassyklady
Florida Tokio derek Olimpiýa oýunlaryny kabul etmegi teklip etdi