Günorta Koreýa Türkmenistanda $2,5 milliardlyk dökün zawodlaryny gurar

Günorta Koreýa Türkmenistanda $2,5 milliardlyk dökün zawodlaryny gurar

Günorta Koreýanyň senagat ministri Li Çang Yang Günorta Koreýanyň kompaniýalarynyň Balkan we Lebap welaýatlarynda amala aşyryljak iki sany dökün zawodynyň gurluşygynda alyp barjak işlerine Türkmenistanyň goldaw berjekdigine ynam bildirdi. Bu barada baha kesgitleýji gullugy “Argus Media” çarşenbe güni habar berdi.

Günorta Koreýa Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde fosfat dökünlerini öndürýän zawody we Balkan welaýatynda karbamid we ammiak dökünlerini öndürýän zawody gurmagy maksat edinýär.

Habarda bellenilişi ýaly, iki sany dökün zawodynyň taslamasynyň umumy bahasy takmynan 2,5 milliard ABŞ dollaryna (₩3,16 trillion) deň bolar.

Türkmenistanyň Seul şäherindäki ilçihanasynyň habaryna görä, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Baýmyrat Annamämmedowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 17-nji iýulda sapar bilen Günorta Koreýa bardy. Şeýle hem saparyň çäklerinde wise-premýer Baýmyrat Annamämmedow Günorta Koreýanyň Premýer-ministri Han Dak Su bilen duşuşdy we iki ýurduň arasyndaky söwda we ykdysady hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdy.

Ýene degişli makalalar

Günorta Koreýanyň “Daewoo E&C” kompaniýasy Türkmenistanda şahamça açar
Günorta Koreýanyň Daewoo E&C kompaniýasy Türkmenistandaky işini giňeldýär
Türkmenistan we ýapon kompaniýasy “Marykarbamid” zawodyny taslama kuwwatyna çykarmakçy
Serdar Berdimuhamedow arap ýurtlary bilen lukmançylyk, sport, medeni-ynsanperwer, ekologiýa, Russiýanyň sirkleriniň Türkmenistanyň welaýatlaryndaky çykyşlary 24-nji sentýabra çenli dowam eder we beýleki habarlar
Wise-premýer B.Annamämmedow Koreýa Respublikasynyň Premýer-ministri bilen duşuşdy
AÖB Türkmenistan üçin täze hyzmatdaşlyk strategiýasyny işläp düzýär