Wise-premýer B.Annamämmedow Koreýa Respublikasynyň Premýer-ministri bilen duşuşdy

Wise-premýer B.Annamämmedow Koreýa Respublikasynyň Premýer-ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň energetika, gurluşyk we senagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Baýmyrat Annamämmedow Seula amala aşyrýan saparynyň çäklerinde şu gün Koreýa Respublikasynyň Premýer-ministri Han Dok Su bilen duşuşdy. Bu barada koreý elektron neşirleri habar berýär.

Bellenilişi ýaly, duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda senagat, gurluşyk pudaklarynda, şeýle hem medeniýet we bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek boýunça öňde durýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Han Dok Su iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň derejesine ýokary baha berdi hem-de koreý kompaniýalarynyň Türkmenistandaky iri infrastruktura taslamalaryna has işjeň gatnaşmaklarynyň we ykdysady hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň tarapdarydygyny nygtady.

Öz gezeginde wise-premýer B.Annamämmedow iri gurluşyk taslamalaryny durmuşa geçirmegiň çäginde ozal Koreýanyň kompaniýalarynyň Türkmenistanda alyp baran işleriniň hiline oňat baha berdi hem-de ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de geriminiň giňejekdigine umyt bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda başga-da ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça özara gyzyklanma bildirilýän meseleler boýunça hem pikir alşyldy.

Ýene degişli makalalar

Günorta Koreýanyň “Daewoo E&C” kompaniýasy Türkmenistanda şahamça açar
Günorta Koreýanyň Daewoo E&C kompaniýasy Türkmenistandaky işini giňeldýär
Türkmenistan we ýapon kompaniýasy “Marykarbamid” zawodyny taslama kuwwatyna çykarmakçy
Serdar Berdimuhamedow Ç.Pürçekowy wise-premýer wezipesinden boşatdy
Günorta Koreýa Türkmenistanda $2,5 milliardlyk dökün zawodlaryny gurar
Serdar Berdimuhamedow arap ýurtlary bilen lukmançylyk, sport, medeni-ynsanperwer, ekologiýa, Russiýanyň sirkleriniň Türkmenistanyň welaýatlaryndaky çykyşlary 24-nji sentýabra çenli dowam eder we beýleki habarlar