Gurban Berdiýew Dinamo toparyna tälim berer

Gurban Berdiýew Dinamo toparyna tälim berer

Gurban Berdiýew Mahaçkalanyň Dinamo toparynyň baş tälimçiligine bellenildi. Bu barada topar beýan etdi diýip, Sports.ru habar berdi.

Berdiýewiň soňky iş ýeri Soçi topary bolupdy. Ol Soçi bilen aprel aýynda hoşlaşypdy. Soçi Gurban Berdiýewiň tälim bermeginde 5 duşuşyk geçirip, 2 ýeňiş gazanyp, üç oýunda utulypdy.

2022/23-nji ýylky möwsümde futbol boýunça Russiýanyň çempionatynyň Birinji ligasynda sekizinji orny eýeledi.

Mahaçkalaly oýunçylar täze möwsüme 15-nji iýulda Lužniki stadionynda Moskwanyň Torpedosy bilen geçiriljek oýun arkaly girişer.

Ýeri gelende bellesek, Gurban Berdiýew 1952-nji ýylyň 25-nji awgustynda Aşgabatda dünýä indi.Ol 1971-1977-nji ýyllar aralygynda Aşgabadyň Kolhozçy toparynda çykyş edýär. Ýarymgoragçy bolup çykyş eden Gurban Berdiýew 1977-1978 möwsüminde Gazagystanyň Kairat toparynda, soňra ýene-de 1 möwsüm Kolhozçyda oýnaýar.

Soňra Rostow-na-Donuň SKA hem-de Rostselmaş (häzirki Rostow) klublarynyň hersinden 1 möwsüm çykyş edýär. 1981-nji ýylda Kairata dolanan Gurban Berdiýew 1985-nji ýyla çenli bu toparyň köýnekçesini geýýär we şol ýyl professional karýerasyny tamamlaýar. 400-e golaý duşuşykda 60 töweregi gol geçiren Gurban Berdiýew 1 ýyldan soň dessine tälimçilige baş goşýar. 1986-njy ýylda Jambyl şäheriniň Himik toparynda tälimçi bolup işe başlan Berdiýew bu ýerde 3 ýyllap tälim berýär. 1991-1993-nji ýyllar aralygynda Gazagystanyň Taras, 1993-1994 möwsümnde Türkiýäniň Gençlerbirligi toparlarynda işleýär.

2000-nji ýyla çenli Kairat, Kaspi, Aşgabadyň Nisa, toparlaryna, 1999-njy ýylda-da az wagtlyk Türkmenistanyň milli ýygyndysyna tälim berýär.Täze asyra geçip has tejribe toplan Gurban Berdiýew 2000-2001 möwsüminde Russiýanyň Smolensk şäheriniň Kristall (1-nji liga) toparynda işleýär. 2001-nji ýyldan başlap bolsa, 11 ýyllap özüne tutuş dünýäde uly şöhrat getiren Rubin toparynyň tälimçisi bolýar.

Ilki topary ýokary liga çykaran Berdiýew 2003-nji ýylda Premýer liganyň bürünç medalyna mynasyp bolýar. 2008-nji we 2009-njy ýyllarda bolsa, Rubine Russiýanyň Premýer ligasynda 2 çempionlyk gazandyrýar. 2010-njy ýylda 3-nji ýeri eýelän Rubin bilen ol Çempionlar ligasynda ýatdan çykmajak ýeňişler gazanýar.

Barselonany myhmançylykda 2-1 ýeňip, bütin dünýäniň ünsüni özüne çekýär. Öz meýdançasynda Inter, Barselona, Dinamo Kiýew klublaryna ýeňilmeýär.Ol Rubinde işlän ýyllarynda Russiýanyň Kubogyna 1, Super Kubogyna-da 2 gezek mynasyp bolýar.

2013-nji ýylda Ýewropa ligasynda çärýek finala çykýar. Soňra 1 ýyllyk dynç alyşdan soň, Rostow toparynyň tälimçiligine bellenýär bu klub bilenem UEFA-nyň ýaryşynda ýatdan çykmajak duşuşyklary başdan geçirýär. 2015/2016 möwsüminde Premýer ligany 2-nji orunda tamamlan Rostow öz meýdançasynda Aýaks, Bawariýa ýaly klublary ýeňýär.

Ýene degişli makalalar

Gurban Berdiýew 70 ýaşyny tegeledi
Gurban Berdiýew Gazagystanyň Kaýrat klubunyň baş tälimçisi boldy
Berdiýewiň Soçidäki kömekçileri belli boldy
“Russiýanyň çempionatyna güýçli tälimçi dolandy” Gurban Berdiýew “Soçiniň” tälimçisi boldy
Danilýans heniz Soçiden çakylyk almandygyny aýtdy
Gurban Berdiýew Traktoryň ýolbaşçylaryndan rugsat sorady