Gurbanguly Berdimuhamedow daşary ýurt kompaniýalaryň ýolbaşçylary bilen duşuşdy

Gurbanguly Berdimuhamedow daşary ýurt kompaniýalaryň ýolbaşçylary bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda “Bouygues”, “CLAAS” we “John Deere” ýaly iri halkara kompaniýalaryň ýolbaşçylary bilen duşuşdy.

“Bouygues” kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyk:

“Bouygues” kompaniýasynyň baş direktorynyň orunbasary Edward Buig, dolandyryjylar geňeşiniň agzasy William Buig, şeýle hem “Buig Batiman International” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Pýer Erik Sen-Andre bilen bolan duşuşygyň dowamynda taraplar iri taslamalary durmuşa geçirmekde netijeli hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygyny bellediler.

Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem fransiýaly hyzmatdaşlary Arkadag şäherindäki lukmançylyk klasteriniň binalarynyň gurluşygyna we enjamlaşdyrylyşyna gatnaşmaga çagyrdy.

“CLAAS” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Katrina Klaas-Mýulhoýzer bilen duşuşyk:

Katrina Klaas-Mýulhoýzer Türkmenistan bilen köpýyllyk hyzmatdaşlyga buýsanýandygyny, işewürlik gatnaşyklary mundan beýläk hem ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň alnyp barylýandygy nygtalyp, maýa goýum ulgamyny hasaba almak bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge bolan bolan meýiller tassyklanyldy.

“John Deere” kompaniýasynyň Merkezi Aziýada strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça ýolbaşçysy Çaba Leýko bilen duşuşyk:

Türkmen halkynyň Milli Lideri we “John Deere” kompaniýasynyň Merkezi Aziýada strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça ýolbaşçysy geljekki özara gatnaşyklaryň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmen tarapy öz gezeginde “John Deere” kompaniýasy bilen özara bähbitli işewürlik gatnaşyklary dowam etdirmäge taýýardygyny mälim etdi. Munuň özi Türkmenistanyň obasenagat toplumynyň döwrebaplaşdyrylmagyny we onuň ösdürilmegi üçin täze mümkinçilikleriň açylmagyny şertlendirer.

Şol gün Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň ogly Bütindünýä etnosport konfederasiýasynyň başlygy Bilal Ärdogan bilen hem duşuşdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti iri gurluşyk kompaniýalaryň ýolbaşçylaryny kabul etdi
Gurbanguly Berdimuhamedow daşary ýurtlaryň iri kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Bouygues Batiment International bilen işewür hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigini belledi
Türkmen Lideri Bouygues we Çalyk Holding kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi
Berdimuhamedow Fransiýanyň Buig kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI “BOUYGUES” FRANSUZ KOMPANIÝASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSYNY KABUL ETDI