Gurbanguly Berdimuhamedow daşary ýurtlaryň iri kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy

Gurbanguly Berdimuhamedow daşary ýurtlaryň iri kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow sişenbe güni Aşgabatda Germaniýanyň "CLAAS" kompaniýasynyň paýdarlar jemgyýetiniň başlygy, German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň başlygy Katrina Klaas-Mýulhoýzer, ABŞ-nyň ’John Deere’’kompaniýasynyň oba hojalyk bölüminiň prezidenti Mark fon Pents we "Bouygues" kompaniýalar toparynyň baş direktory Marten Buig bilen aýratynlykda duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Germaniýanyň "CLAAS" kompaniýasynyň paýdarlar jemgyýetiniň başlygy Katrina Klaas-Mýulhoýzer bilen duşuşyk:

“CLAAS” kompaniýasynyň paýdarlar jemgyýetiniň başlygy ýolbaşçylyk edýän düzüminiň Türkmenistan bilen köpýyllyk hyzmatdaşlyga buýsanýandygyny we ýola goýlan işewür gatnaşyklary ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.

Söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistanyň we German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň arasynda ikitaraplaýyn işewür gatnaşyklary ýola goýmakda hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýeti bellenildi. Şunda iki ýurduň özara bähbitli hyzmatdaşlygy, şol sanda maýa goýum ulgamyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge meýillidigi tassyklanyldy.

"John Deere" amerikan kompaniýasynyň oba hojalyk bölüminiň prezidenti Mark fon Pents bilen duşuşyk:

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, "John Deere" kompaniýasy bilen ýola goýlan işewür gatnaşyklaryň uzak möhletli häsiýete eýedigi bellenildi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselesi barada durup geçip, oba hojalygynyň ýurduň milli ykdysadyýetiniň möhüm pudaklarynyň biridigini, azyk howpsuzlygyny üpjün etmegiň bolsa türkmen halkynyň abadançylygy bilen gönüden-göni baglydygyny nygtady.

"Bouygues" kompaniýalar toparynyň baş direktory Marten Buig bilen duşuşyk:

Türkmen halkynyň Milli Lideri "Bouygues" kompaniýasy bilen bilelikde durmuşa geçirilen taslamalaryň milli şähergurluşyk maksatnamalaryny amala aşyrmak, Türkmenistanyň gurluşyk we senagat kuwwatyny pugtalandyrmak üçin uly ähmiýete eýedigini belledi.

Duşuşygyň dowamynda geljekki işler barada pikir alşyldy, Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen, fransuz kompaniýasynyň bilelikdäki täze taslamalara gatnaşmagynyň mümkinçiliklerine garaldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Bouygues Batiment International bilen işewür hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigini belledi
Türkmen Lideri Bouygues we Çalyk Holding kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi
Berdimuhamedow Fransiýanyň Buig kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI “BOUYGUES” FRANSUZ KOMPANIÝASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSYNY KABUL ETDI
Serdar Berdimuhamedow daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi