Gurbanguly Berdimuhamedow Sindzo Abeni soňky ýoluna ugratmak çäresine gatnaşmak üçin Ýaponiýada bolar

Gurbanguly Berdimuhamedow Sindzo Abeni soňky ýoluna ugratmak çäresine gatnaşmak üçin Ýaponiýada bolar

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 27-nji sentýabrda Ýaponiýanyň ozalky Premýer-ministri Sindzo Abeni döwlet derejesinde soňky ýoluna ugratmak çäresine gatnaşar. Bu barada Ýaponiýanyň Premýer-ministri Fumio Kisidanyň Prezident Serdar Berdimuhamedowa iberen hatynda aýdylýar.

Hususan-da, hatda: “Siziň Alyhezretiňize, Ýaponiýanyň ozalky Premýer-ministri Sindzo Abeniň pajygaly ýagdaýda biwagt aradan çykandygy zerarly, gynanç bildirendigiňiz hem-de medet beriji sözleriňiz üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärin. Şu ýylyň 11-nji iýulynda bolsa Siziň Alyhezretiňiziň adyndan merhumyň ýagty ýadygärligine bagyşlanyp, gurbanlyk sadakasy berildi.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 27-nji sentýabrda Ýaponiýanyň ozalky Premýer-ministri Sindzo Abeni döwlet derejesinde soňky ýoluna ugratmak çäresine gatnaşmaga isleg bildirendigi üçin hem hoşallyk bildirýärin” diýlip bellenilýär.

Ýene degişli makalalar

3-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Türkmenistanda merhum Sindzo Abeniň adyna sadaka berildi
Türkmen halkynyň belent ynsanperwerlik taglymlary mynasyp dowam etdirilýär
Ilçi Atadurdy Baýramow Ýaponiýada işe başlady
Türkmenistanyň Ýaponiýadaky täze ilçisi ýurduň Daşary işler ministrliginde kabul edildi
Türkmenistanyň welaýatlarynda resmi LC Waikiki dükanlary açylary, 2022-nji ýylyň 1-nji awgusty boýunça ýurdumyzda 2152 sany bankomat hereket edýär, Aşgabatdaky iş orunlarynyň ýarmarkasyna 45 sany hususy kärhana gatnaşdy
Türkmen ilçisi: Türkmenistandaky ýapon kompaniýalarynyň alyp barýan işleri aýratyn ähmiýetlidir