Gurbanguly Berdimuhamedow Türki dünýäsiniň ordeni bilen sylaglanyldy

Gurbanguly Berdimuhamedow Türki dünýäsiniň ordeni bilen sylaglanyldy

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Türki dünýäsiniň iň ýokary derejeli ordenini gowşurdy. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat gullugy anna güni habar berdi.

Sylaglamak dabarasy Samarkantda geçirilen Türki döwletleriň guramasynyň (TDG) Döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň çäginde geçirildi.

Şeýle hem Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Türki dünýäsiniň ordeni bilen sylaglandy.

Sammitiň dowamynda Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň we Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň türki döwletleriniň gyzyklanmalaryny we garaýyşlaryny halkara giňişliginde işjeň wagyz edendikleri we türki döwletleriň agzybirligini berkitmekde aýratyn goşant goşandyklary bellenildi.

Mundan başga-da, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow Alyşir Nowaýy halkara baýragyna mynasyp boldy.

Türki döwletleriň guramasy (TDG) ozalky Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşi (Türki geňeş) ady bilen 2009-njy ýylyň 3-nji oktýabrynda döredildi. Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Türkiýe we Özbegistan TDG-nyň agzasy bolup, Türkmenistan we Wengriýa bu gurama synçy döwlet hökmünde goşuldy.

Suratlar: Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat gullugy

Ýene degişli makalalar

Täjik edebiýaty
Dünýä Liderleri Türkmenistanyň Prezidentini Oraza baýramy bilen gutladylar
Türkmenistanda Mukaddes Oraza baýramy bellenilýär
GARAŞSYZ, HEMIŞELIK BITARAP TÜRKMENISTANYŇ ÄHLI HALKYNA
Türkmen we özbek halklarynyň dostluk festiwaly geçirilýär
Türkmenistan awiakompaniýasy onlaýn görnüşde petekleriň satuwyny dikeltdi, Türkmenistanda ýaş maşgalalar üçin ýeňillikli karzlaryň mukdary artdyryldy, we Aşgabat-Serhetabat ugry boýunça demir ýol gatnawy dikeldildi
Türkmenistanyň Prezidenti türkmen-özbek dostluk festiwalyna gatnaşyjylara Gutlag iberdi