Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda akylly şäher gurluşygy boýunça türkmen-koreý ýaşlarynyň forumyny geçirmegi teklip etdi

Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda akylly şäher gurluşygy boýunça türkmen-koreý ýaşlarynyň forumyny geçirmegi teklip etdi

Şu gün öz ýurdunyň wekilçilikli toparyna ýolbaşçylyk edip, Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Jin Pýo bilen geçirilen gepleşikleriň barşynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow birnäçe tekliplerini beýan etdi. Bu barada Watan habarlar gepleşiginde habar berilýär.

Söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow medeni-ynsanperwer ugurda hem örän köp işleriň amala aşyrylýandygyny belledi.

Türkmenistanyň ýaşlar diplomatiýasynyň ornuna ýokary baha berýändigini belläp, türkmen halkynyň Milli Lideri ýaşlaryň intellektual, döredijilik we ruhy mümkinçiliklerini has ýokary derejede durmuşa geçirmekleri bilen baglanyşykly meseleleriň ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda kesgitlenendigini beýan etdi.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda meşhur BTS toparynyň wideokonserti geçiriler
Merkezi Aziýa Koreýa Respublikasy Parlamentleriniň Başlyklarynyň ikinji mejlisini 2024-nji ýylda Aşgabatda geçirmek teklip ediler
Türkmenistan koreý hyzmatdaşlarynyň gämi gurluşygy babatdaky tekliplerine gyzyklanma bildirýär
Kim Jin Pýo Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binasyna gül goýdy
Türkmenistanyň Prezidenti Günorta Koreýanyň Prezidentine suw joşgunlary zerarly gynanç bildirdi
Russiýanyň Galla Ylalaşygyndan Çekilmegine Reaksiýalar Dowam Edýär