Kim Jin Pýo Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binasyna gül goýdy

Kim Jin Pýo Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binasyna gül goýdy

Şu gün öz ýurdunyň wekilçilikli toparyna ýolbaşçylyk edip, Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Jin Pýo saparynyň çäklerinde Aşgabadyň günorta künjeginde ýerleşýän Garaşsyzlyk binasynyň ýanyna geldi.

Belent mertebeli myhman bu ýerde türkmen halkynyň hoşniýetli erkiniň we taryhyň dowamynda eden arzuwynyň amala aşandygynyň mizemez nyşanyna öwrülen binanyň etegine ajaýyp gül dessesini goýup, Türkmenistanyň eýe bolan mukaddes Garaşsyzlygyny sarpalady.

Bu barada Watan habarlar gepleşiginde habar berildi.

Agşam türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Jin Pýonyň hormatyna agşamlyk nahary berildi. Onuň barşynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we belent mertebeli myhman söz sözlediler.

Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Jin Pýonyň Türkmenistana resmi sapary dowam edýär.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda meşhur BTS toparynyň wideokonserti geçiriler
Merkezi Aziýa Koreýa Respublikasy Parlamentleriniň Başlyklarynyň ikinji mejlisini 2024-nji ýylda Aşgabatda geçirmek teklip ediler
Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda akylly şäher gurluşygy boýunça türkmen-koreý ýaşlarynyň forumyny geçirmegi teklip etdi
Türkmenistan koreý hyzmatdaşlarynyň gämi gurluşygy babatdaky tekliplerine gyzyklanma bildirýär
Türkmenistanyň Prezidenti Günorta Koreýanyň Prezidentine suw joşgunlary zerarly gynanç bildirdi
Russiýanyň Galla Ylalaşygyndan Çekilmegine Reaksiýalar Dowam Edýär