Merkezi Aziýa Koreýa Respublikasy Parlamentleriniň Başlyklarynyň ikinji mejlisini 2024-nji ýylda Aşgabatda geçirmek teklip ediler

Merkezi Aziýa  Koreýa Respublikasy Parlamentleriniň Başlyklarynyň ikinji mejlisini 2024-nji ýylda Aşgabatda geçirmek teklip ediler

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Jin Pýo bilen ikiçäk we giňişleýin düzümdäki duşuşyklarda gepleşikleri geçirdi.

Watan habarlar gepleşiginde mälim edilişi ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 2022-nji ýylda Seulda geçirilen duşuşykda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin parlament diplomatiýasynyň ornuny güýçlendirmek we Merkezi Aziýa Koreýa Respublikasy parlamentara forumyny döretmek barada pikir alşylandygyny aýdyp, Merkezi Aziýa Koreýa Respublikasynyň Parlamentleriniň Başlyklarynyň birinji duşuşygyny şu ýylyň sentýabr aýynda Koreýa Respublikasynda geçirmek baradaky pikiriň doly goldanylýandygyny belledi.

Bu forumyň işine Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň gatnaşjakdygyny belläp, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow forumyň dowamynda Türkmenistanyň 2024-nji ýylda Merkezi Aziýa Koreýa Respublikasynyň Parlamentleriniň Başlyklarynyň ikinji mejlisini Aşgabatda geçirmegi teklip etmegi meýilleşdirýändigi barada habar berdi we Koreýa tarapynyň bu teklibi goldajakdygyna ynam bildirdi.

Ýene degişli makalalar

Seulda The Korea Times neşiriniň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirildi
Türkmenistanyň Seuldaky ilçihanasynda The Korea Herald habarlar agentliginiň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirildi
Sentýabrda Seulda Birinji türkmen-koreý parlamentara geňeşme maslahaty geçiriler
Merkezi Aziýa we Koreýa respublikasynyň parlament ýolbaşçylarynyň ilkinji forumy geçirildi
Türkmenistanyň parlamentiniň wekiliýeti Geljege gönükdirilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek atly maslahata gatnaşdy
Türkmenistanyň Ilçisiniň Koreýa Respublikasynyň daşary işler ministri bilen duşuşygy
Demirgazyk Koreýanyň lideri artilleriýa birikmeleriniň türgenleşigini gözden geçirdi