Türkmenistanyň Ilçisiniň Koreýa Respublikasynyň daşary işler ministri bilen duşuşygy

30-njy oktýabrda Seul şäherinde Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçisi B.Durdyýewiň bu ýurduň daşary işler ministri Pak Jin bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň we özara bähbitli köpugurly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine, şol sanda, ministr Pak Jiniň Türkmenistana ýakynda amala aşyryljak resmi saparynyň we şu ýylyň 1-nji noýabrynda Aşgabatda geçiriljek “Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk forumynyň 16-njy maslahatynyň gün tertibiniň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ministr “Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk forumynyň maslahatynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi ugrunda türkmen tarapynyň edýän tagallalary üçin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Seuldaky ilçihanasynda The Korea Herald habarlar agentliginiň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirildi
Seulda The Korea Times neşiriniň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirildi
Seulda Ýun Sok Ýola we onuň maşgalasyna Türkmenistan tarapyndan sowgat berlen alabaýlaryň gowşurylyş dabarasy geçirildi
Ysraýyl Liwanyň gündogaryna harby howa hüjümini gurady
ABŞ-da dünýäde iň agyr kädi ösdürip ýetişdirdiler
BAE-de Gün elektrik stansiýasy işe giriziler
Merkezi Aziýa we Koreýa respublikasynyň parlament ýolbaşçylarynyň ilkinji forumy geçirildi