Sentýabrda Seulda Birinji türkmen-koreý parlamentara geňeşme maslahaty geçiriler

Sentýabrda Seulda Birinji türkmen-koreý parlamentara geňeşme maslahaty geçiriler

Ozal habar berşimiz ýaly, Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Jin Pýo bilen Aşgabatdaky Maslahat köşgünde geçirilen gepleşiklerde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow birnäçe tekliplerini beýan etdi.

Söhbetdeşligiň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da pugtalandyrmak we hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen, iki ýurduň parlament wekilleriniň aragatnaşygyny güýçlendirmegiň zerurdygyny belläp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýanyň we Koreýa Respublikasynyň parlamentleriniň ýolbaşçylarynyň sentýabr aýynda Seulda geçiriljek forumynyň çäklerinde Birinji türkmen-koreý parlamentara geňeşme maslahatyny geçirmek baradaky teklibi öňe sürdi. Bu barada Watan habarlar gepleşiginde habar berilýär

Ýene degişli makalalar

Seulda The Korea Times neşiriniň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirildi
Türkmenistanyň Seuldaky ilçihanasynda The Korea Herald habarlar agentliginiň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirildi
Türkmenistanyň Ilçisiniň Koreýa Respublikasynyň daşary işler ministri bilen duşuşygy
Merkezi Aziýa we Koreýa respublikasynyň parlament ýolbaşçylarynyň ilkinji forumy geçirildi
Türkmenistanyň parlamentiniň wekiliýeti Geljege gönükdirilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek atly maslahata gatnaşdy
Demirgazyk Koreýanyň lideri artilleriýa birikmeleriniň türgenleşigini gözden geçirdi