Türkmenistanyň Prezidenti Günorta Koreýanyň Prezidentine suw joşgunlary zerarly gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Günorta Koreýanyň Prezidentine suw joşgunlary zerarly gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Günorta Koreýanyň Prezidenti Ýun Sok Ýola ýurtda ýagan güýçli ýagyşlaryň netijesinde, adam pidalaryna, şikes ýetmelere hem-de giň möçberli weýrançylyklara getiren suw joşgunlary zerarly gynanç hatyny iberdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.

Türkmenistanyň Döwlet Baştutany agyr pursatda gurban bolanlaryň maşgalalaryna, dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna Türkmenistanyň halkynyň hem-de Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan çuňňur gynanjyny, medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.

Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Günorta Koreýanyň Prezidenti Ýun Sok Ýola we Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Jin-Pýo ýurtda ýagan güýçli ýagyşlaryň netijesinde, adam pidalaryna, şikes ýetmelere hem-de giň möçberli weýrançylyklara getiren suw joşgunlary zerarly gynanç hatyny iberdi.

Günorta Koreanyň “Yonhap” agentliginiň ýurduň resmilerine salgylanyp beren habaryna görä, ýurtda ýagan güýçli ýagyşlaryň netijesinde emele gelen suw joşgunlary zerarly wepat bolanlaryň ýa-da dereksiz ýitenleriň sany 50-ä ýetdi.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda meşhur BTS toparynyň wideokonserti geçiriler
Merkezi Aziýa Koreýa Respublikasy Parlamentleriniň Başlyklarynyň ikinji mejlisini 2024-nji ýylda Aşgabatda geçirmek teklip ediler
Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda akylly şäher gurluşygy boýunça türkmen-koreý ýaşlarynyň forumyny geçirmegi teklip etdi
Türkmenistan koreý hyzmatdaşlarynyň gämi gurluşygy babatdaky tekliplerine gyzyklanma bildirýär
Kim Jin Pýo Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binasyna gül goýdy
Russiýanyň Galla Ylalaşygyndan Çekilmegine Reaksiýalar Dowam Edýär