Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Wekiller palatasynyň başlygy bilen duşuşdy

Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Wekiller palatasynyň başlygy bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Tokio şäherinde saparda bolmagynyň çäklerinde Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň başlygy Hosoda Hiroýuki bilen ikitaraplaýyn duşuşyk geçirdi.

Ýapon Parlamentiniň habar bermegine görä, söhbetdeşligiň dowamynda Hiroýuki Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaponiýanyň ozalky Premýer-ministri Sindzo Abeniň döwlet derejesinde jaýlanyş çäresine gatnaşandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Şeýle-de saparynyň dowamynda geçiren ikitaraplaýyn gepleşiklerine ýokary baha berdi.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýapon tarapyna türkmen wekiliýetini ýokary myhmansöýerlik bilen garşylandyklary, şeýle-de ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirmege döredilen mümkinçilik üçin minnetdarlyk bildirdi.

Bellenilişi ýaly, söhbetdeşligiň dowamynda iki ýurduň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlyga ýokary baha berildi, şeýle-de parlamentara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Iki ýurduň arasynda ýola goýlan özara bähbitli hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek, ýangyç-energetika pudaklarynda hyzmatdaşlygy ýokarlandyrmak, ýapon kompaniýalarynyň Türkmenistanda alyp barýan gurluşyk işleri baradaky sowallar boýunça hem pikir alşyldy.

Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň ozalky Premýer-ministri Sindzo Abeniň döwlet derejesindäki jaýlanyş çäresine gatnaşdy, şeýle-de Tokioda Ýaponiýanyň Premýer-ministri Kisida Fumio bilen ikitaraplaýyn duşuşyk geçirdi.

Ýene degişli makalalar

Ýaponiýanyň Ministrler Kabineti täzelendi
3-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Tokioda Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýapon diline terjime edilen Ömrümiň manysynyň dowamaty atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
Ilçi Atadurdy Baýramow Ýaponiýada işe başlady
Türkmenistanyň Ýaponiýadaky täze ilçisi ýurduň Daşary işler ministrliginde kabul edildi
Türkmenistanyň welaýatlarynda resmi LC Waikiki dükanlary açylary, 2022-nji ýylyň 1-nji awgusty boýunça ýurdumyzda 2152 sany bankomat hereket edýär, Aşgabatdaky iş orunlarynyň ýarmarkasyna 45 sany hususy kärhana gatnaşdy
Türkmen ilçisi: Türkmenistandaky ýapon kompaniýalarynyň alyp barýan işleri aýratyn ähmiýetlidir