Gurhany Ýakmagyň Azatlyk Bilen Arabaglanşygy Ýok

Gurhany Ýakmagyň Azatlyk Bilen Arabaglanşygy Ýok

Kommunikasiýalar edarasynyň Başlygy Fahrettin Altun Şwesiýadaky türk Ilçihanasynyň öňünde Gurhany ýakmagyň azatlyk bilen hiç hili arabaglanşygynyň bolmandygyny beýan etdi.

Fahrettin Altun Şwesiýanyň köp tiražly gazeti “Dagens Nyheteriň” soraglaryna ýazmaça jogap berdi.

Türkiýäniň patagt Stokgolmdaki Ilçihanasynyň öňünde geçirilen Gurhany ýakmak aksiýasynyň azatlyk bilen hiç hili arabaglanşygynyň ýokdugyny beýan eden Altun, bu aksiýanyň şwesiýaly musulmanlar bilen bilelikde bütin musulmanlara garşy basyşa meçew berýändigine ünsi çekdi.

Altun Şwesiýadaky ekstremist terror guramasy PKK-nyň ýaranlarynyň Türkiýä we Prezident R.T.Erdogana garşy aksiýalaryna hem-de daniýaly aşa sagçy Stram Kurs partiýasynyň ýolbaşçysy Rasmus Paludanyň şenbe güni Türkiýäniň Şwesiýadaky Ilçihanasynyň öňünde Gurhany ýakmak arkaly meçew beriji aksiýasyna rugsat berilmeginden soň Milli goranmak ministri Hulusi Akaryň şwesiýaly kardeşi Pal Jonsonyň Türkiýä saparyny bes edendigini ýatladyp; “Ýüzlenme açyk: Şwesiýa Türkiýäniň aladalaryna üns bermeýän bolsa duşuşmagyň manysy ýok” diýdi.

Kommunikasiýalar edarasynyň Başlygy Altun Şwesiýanyň NATO agzalygyny üpjün etjek ýeke-täk ýurduň Şwesiýanyň özüdigini nygtady.

Türkiýe 28-nji iýunda Ispaniýanyň paýtagty Madritde geçirilen NATO-nuň sammitinde agzalyk üçin ýüz tutan Finlýandiýany we Şwesiýany weto edýär. Terror guramalaryny aç-açan goldaýan iki ýurt bilen teswirnama gol çekişen Ankara, berilen wadalaryň iş ýüzüne geçirilmegine garaşýar.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Milli Howpsuzlyk Geňeşi Prezident Erdoganyň Ýolbaşçylyk Etmeginde Maslahat Geçirdi