Gymmat bahadan satylan kartina

Awstriýaly suratkeş Gustaw Klimtiň Elizabet Ledereriň portreti atly suraty ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde geçirilen auksionda 236,4 million amerikan dollaryna satyldy. 1914-1916-njy ýyllar aralygynda döredilen suratyň uzynlygy 1,8 metre ýetýär.

Kartinada awstriýaly kolleksiýaçy Awgust-Serena Ledererleriň gyzy hytaý lybasynda suratlandyrylýar. Şeýlelikde, kartina iň gymmat bahadan satylan döwrebap surat boldy.Sotheby’s auksion öýi kartinanyň täze eýesiniň adyny mälim etmedi.

Kartina 1985-nji ýylda Leonard Lauder tarapyndan satyn alynýar. Lauderiň iýun aýynda 92 ýaşynda aradan çykmagy bilen kartina satuwa çykaryldy.

Bahar ANNAÝEWA,

Görogly etrabyndaky 19-njy orta mekdebiň mugallymy.

Ýene degişli makalalar

Ýewropanyň dürli künjeklerinde Roždestwo güni haýsy aýdymlar aýdylýar?
Nobel baýraklary pandemiýadan soňra ilkinji gezek ýüzbe-ýüz gowşuryldy
Kolumbiýada ýeriň süýşmegi netijesinde ýogalan adamlaryň sany artdy
Kristiano Ronaldonyň täze kluby belli boldy
Kolumbiýadaky ýer süýşgüninde 3 adam ýogaldy
Katara iň köp argentin, portugal hem-de ispan tälimçileri gatnaşýar