Gymmat bahadan satylmagyna garaşylýar

“Sotheby’s” auksion öýi täsin zady satuwa çykarjakdygyny mälim etdi. Nýu-Ýorkda guraljak söwdada 83 million ýyl ozal ýaşap geçen, uçup bilýän pteranodon atly jandar hem-de plesiosaur atly süýreniji jandaryň skeletleri satuwa hödürlener. Uçýan jandaryň ganaty açylanda 6 metre ýetýär, süýrenijiniň uzynlygy 3,3 metre barabar.

Auksion öýüniň wekilleri pteranodonyň 2002-nji ýylda ABŞ-nyň Kansas ştatynda irki döwürlerde Demirgazyk Amerika yklymyny ikä bölen deňizde tapylandygyny mälim etdi.Häzire çenli ýaşap geçen iň uly ganatly jandarlaryň biri hasaplanýan pteranodon suwuň ýüzünde uçupdyr we uzyn çüňki bilen aw edipdir.

Jandaryň ähli süňkleriniň diýen ýaly abat saklanyp galandygy mälim edildi.Auksion öýüniň ýolbaşçylary pteranodonyň 4-6 million dollar aralygynda satylmagyna garaşýarlar.

Plesiosaur atly süýreniji jandar bolsa, 1990-njy ýyllarda Angliýanyň Glosterşir şäherinden tapylypdyr. Bu jandaryň 190 million ýyl ozal ýaşap geçendigi mälim edilýär. Bu eksponatyň 600-800 müň dollar aralygynda satylmagyna garaşylýar.

Dünýä belli “Sotheby’s“ auksion öýi ilkinji gezek 1997-nji ýylda “Sue” atly “Tyrannosaurus rex” dinozawrynyň galyndysyny satdy. Şondan bäri birnäçe dinozawr galyndysyny satuwa hödürlän auksion öýi indi bolsa, taryhy öwrenmekde gymmatly hazyna hasaplanýan beýleki jandarlaryň satuwyna hem dellalçylyk edip başlady.

Ýene degişli makalalar

Änew müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet
Resmi Kepil HJ fiziki we ýuridik şahslara ätiýaçlandyryşyň 20 görnüşini hödürleýär
Türkmenbaşyda we Hazarda ogurlyk hadysalary köpelýär’
Täze türkmen jemgyýetinde emele gelen sosial synplar’ (2-nji bölüm)
I.Kuzmin Türkmenistanda tohumçylyk pudagynda genetika bankyny döretmegi teklip etdi
Türkmenistanyň Mejlisi täze Kanunlary kabul etdi